logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly ✦ ✦ Halkara hukugy — parahatçylygyň röwşen ýoly ✦ ✦ Möhüm ähmiýetli duşuşyklar ✦ ✦ Türkmen halkynyň milli nagyşlary ✦ ✦ «Dünýäni özgerdýän ýagşylyk» ✦ ✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦
Baş sahypa / Sport /2026-njy ýylyň Aziýa oýunlarynda syýahatçylyk gämisi Olimpiýa şäherçesi hökmünde ulanylar
  22.09.2026
386
2026-njy ýylyň Aziýa oýunlarynda syýahatçylyk gämisi Olimpiýa şäherçesi hökmünde ulanylar

Iri halkara çärelerinde gatnaşyjylary ýerleşdirmek meselesini çözmek üçin adaty bolmadyk çemeleşmeler ulanylýar. Şolaryň biri hökmünde 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlarynda syýahatçylyk gämisiniň wagtlaýyn Olimpiýa şäherçesi hökmünde peýdalanylmagy meýilleşdirilýär. Bu çözgüt ýaşaýyş ýerleriniň ýetmezçiligini azaltmak we bar bolan serişdelerden netijeli peýdalanmak maksady bilen saýlanyldy.

 

Italiýanyň «Costa Serena» syýahatçylyk gämisi Ýaponiýanyň Nagoya şäherindäki Kinzýo gämi duralgasyna geldi. Gämi Aýti we Nagoya şäherlerinde geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlarynyň dowamynda türgenler we resmi wekiller üçin wagtlaýyn ýaşaýyş merkezi hökmünde ulanylar. Bu gezek ýaryşlaryň taryhynda aýratyn Olimpiýa şäherçesi döredilmän, gatnaşyjylaryň bir bölegi gämi bilen üpjün edilen ýaşaýyş ýerlerinde ýerleşdiriler.

 

Uzynlygy 290 metr, ini 35 metr bolan «Costa Serena» gämisiniň 14 gatynda 1500 kabina bar. Olar arkaly 4000-e çenli türgeni we resmi wekili ýerleşdirmek mümkin. Gämide restoranlaryň, türgenleşik zalynyň we beýleki zerur hyzmatlaryň bolmagy hem göz öňünde tutulýar.

 

Guramaçylar Aziýa oýunlaryna gatnaşjak 11 müňden gowrak türgeni ýerleşdirmek üçin birnäçe görnüşdäki ýaşaýyş mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Gämi bilen birlikde ýerli myhmanhanalar we ýaşaýyş üçin gaýtadan enjamlaşdyrylan konteýnerler hem ulanylar. Gatnaşyjylaryň umumy sany 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan 10 700 türgeniň sanyndan hem ýokary bolar.

 

Syýahatçylyk gämisiniň Olimpiýa şäherçesi hökmünde ulanylmagy Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek amala aşyrylýar. Bu usul ýaşaýyş jaýlarynyň çäkli bolmagy we çäreleriň geçirilmegi üçin bölünip berlen serişdeleriň tygşytly ulanylmagy bilen bagly meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir.

 

«Costa Serena» gämisinde Nagoýa portunyň golaýyndaky ýaryşlara gatnaşýan wekiliýetler, şol sanda kanoe küreklemek, dzýudo we uşu boýunça türgenler ýerleşer. Olaryň arasynda Hytaýyň kanoe küreklemek boýunça milli ýygyndysy hem bar.

 

Ýakupmämmet ŞYHMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.