logo

Latest news:
✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦
Home / Science and Education /Balkan matematika olimpiadasynda altyn we kümüş medallar
  04.07.2025
1443
Balkan matematika olimpiadasynda altyn we kümüş medallar

Türkmenistanyň ýaş zehinleri halkara matematika olimpiadasynda üstünlik gazandylar

STRUGA, DEMIRGAZYK MAKEDONIÝA – 2025-nji ýylyň 24-29-njy iýun aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň Struga şäherinde geçirilen Ýaşlaryň 29-njy Balkan matematika olimpiadasynda Türkmenistanyň zehinli mekdep okuwçylary üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrdylar.

Bu abraýly bäsleşige dünýäniň 23 döwletinden jemi 135 okuwçy gatnaşdy. Azerbaýjan, Rumyniýa, Saud Arabystan, Fransiýa, Türkiýe, Gruziýa, Gazagystan, Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen olimpiadada türkmenistanly ýaşlaryň üstünlikli çykyş etmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanyň adyndan olimpiadada Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 6 okuwçysy gatnaşdy. Okuwçylaryň taýýarlykly toparyna Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Arslan Hojiýew hem-de Aşgabat şäheriniň 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň matematika mugallymy Gurbanmyrat Jelaletdinow ýolbaşçylyk etdiler.

Netijede, ýurdumyzyň wekilleri 1 altyn, 4 kümüş we 1 bürünç medala eýe boldular:

T/b Familiýasy we ady Synpy Mekdebi Medaly
1 Gurbanow Hemra 9 Aşgabat şäheri, 86-njy mekdep Altyn medal
2 Akmyradow Atabaý 9 Aşgabat şäheri, 86-njy mekdep Kümüş medal
3 Akmämmedow Ýeňiş 9 Aşgabat şäheri, 86-njy mekdep Kümüş medal
4 Resulow Ýusup 9 Aşgabat şäheri, 87-nji mekdep Kümüş medal
5 Ojarow Parahat 9 Aşgabat şäheri, 87-nji mekdep Kümüş medal
6 Döwranow Omar 9 Aşgabat şäheri, 83-nji mekdep Bürünç medal

Balkan ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasynda geçen bu ýokary derejeli matematika bäsleşiginde türkmen okuwçylarynyň gazanan üstünlikleri ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli miwesidir.

Toparyň ýolbaşçylarynyň biri, Arkadag şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Arslan Hojiýew şeýle belledi:

“Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde döredilen mümkinçilikler ýaş nesliň halkara derejesindäki bäsleşiklere ýokary taýýarlyk bilen gatnaşmagyna giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamy biz mugallymlara-da täze höwes berýär.”

Olimpiada gatnaşyjy ýaşlaryň bu üstünlikleri diňe bir medallar bilen däl, eýsem bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň, ýaş nesliň zehininiň ösdürilmeginiň aýdyň mysaly hökmünde hem uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň ýaşlary halkara giňişlikde üstünlikli çykyş etmekde dowam edip, ýurdumyzyň baýdagyny belentden parladýarlar.