logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy
  27.10.2026
10
Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň medeniýet ministri G. Myradaliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Baku şäherinde geçirilýän Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy.

 

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy milli gymmatlyklary gorap saklamak, medeni mirasy geljekki nesillere ýetirmek we medeniýetara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak ýaly möhüm meseleler bilen çykyş etdi.

 

Ministr öz çykyşynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň milli däp-dessurlary, medeni özboluşlylygy we taryhy mirasy gorap saklamaga, şeýle hem bu gymmatlyklaryň geljekki nesiller üçin dowamlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini nygtady.

 

Milli gymmatlyklary gorap saklamakda bilimiň we ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. G. Myradaliýewiň belleýşi ýaly, ýaşlar ekologik başlangyçlara, medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerine we syýahatçylyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa taryhy mirasy gorap saklamaga we ýurduň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşýar.

 

Çykyşda Türkmenistanyň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarlydygy hem aýratyn bellenildi. Ministriň nygtaýşy ýaly, bu ýörelge dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek, özara ynamy pugtalandyrmak we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär.

 

Medeni köpdürlüligiň ähmiýetine hem ünsi çeken ministr her bir halkyň diline, medeni mirasyna we milli özboluşlylygyna hormat goýmagyň jemgyýetçilik ylalaşygyny hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biridigini aýtdy.

 

G. Myradaliýewiň bellemegine görä, medeniýet halklaryň ýakynlaşmagyna, özara ynamyň pugtalandyrylmagyna we parahatçylykly hem-de durnukly ösüş üçin berk binýadyň döredilmegine ýardam berýän möhüm serişdeleriň biridir.

 

Arslan RAHYMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.