logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde»
  11.09.2026
424
Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde»

«Ykbal öwrümi» gepleşiginiň täze bölüminiň myhmany şahyr, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň uly mugallymy Şähribossan Geldimämmedowa boldy.

Söhbetiň baş temalarynyň biri — adamyň durmuşdaky kynçylyklara garaýşy. Şahyryň «Mende hiç hili ruhdan düşme ýok» diýen sözleri hem onuň durmuş ýörelgesini görkezýän esasy pikirleriň biri hökmünde öňe çykýar.

Gepleşikde poeziýa, döredijilik, mugallymçylyk we edebiýata bolan garaýyş barada gürrüň edildi. Şähribossan Geldimämmedowa öz döredijilik ýolundan we ýaş nesil bilen işleşmek tejribesinden hem söz açdy.

«Ykbal öwrümi»niň täze bölümini Arazbike Jumaýewa alyp barýar. Gepleşik Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda taýýarlanylýar.

Täze bölüme aşakdaky wideo arkaly tomaşa edip bilersiňiz.