logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Sport /Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär
  18.10.2026
208
Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda XVI talyplar Uniwersiadasynyň, şeýle hem orta hünär we umumybilim berýän okuw mekdepleriniň arasynda geçirilýän Spartakiadalaryň açylyş dabarasy boldy.

 

«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary bilen geçirilýän ýaryşlara ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş türgenler gatnaşýar. Açylyş dabarasynda sportuň dzýudo, sambo, boks, karate, gandbol, basketbol, futbol we sport gimnastikasy ýaly görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary boldy.

 

XVI talyplar Uniwersiadasyna ýurdumyzyň 23 sany ýokary okuw mekdebiniň wekilleri gatnaşýar. Düzgünnama laýyklykda, talyplar sportuň 23 görnüşi boýunça bäsleşip, 26 ugurda medallar ugrunda güýç synanyşarlar. Küşt, şaşka, milli düzzüm we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryşlar eýýäm geçirildi.

 

Orta hünär okuw mekdepleriniň Spartakiadasyna 24 okuw mekdebiniň ýygyndy toparlary gatnaşýar. Olar sportuň 13 görnüşi boýunça 15 ugurda baýrakly orunlar üçin bäsleşýärler. Ilkinji medallar ýüzmek boýunça ýaryşlarda gowşuryldy.

 

Mekdep okuwçylarynyň Spartakiadasyna bolsa ýurdumyzyň 140-dan gowrak umumybilim berýän orta mekdebiniň wekilleri gatnaşýar. Ýaş türgenler sportuň 13 görnüşi boýunça öz başarnyklaryny görkezýärler. Küşt, şaşka, milli düzzüm we ýüzmek boýunça ýaryşlar hem maksatnamanyň düzümine girýär.

 

Ýaryşlaryň ýeňijilerine we baýrakly orunlary eýelänlere hormat kuboklary, medallar hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Bu sport çäreleri ýaşlaryň bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagyna, öz başarnyklaryny ösdürmegine we dürli okuw mekdepleriniň türgenleriniň tejribe alyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Çeşme: Altyn asyr Türkmenistan