logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi
  28.10.2026
10
«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň mazmun taýdan baý we çuňňur manyly eseriniň ýapon diline terjime edilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň täze derejede ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

 

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän parahatçylyk başlangyçlarynyň we netijeli daşary syýasatyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyny görkezýär. Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti giňden beýan edilýär. Eseriň ýapon diline terjime edilmegi bolsa bu gymmatly kitabyň has köp okyja ýetirilmegine mümkinçilik döredýär.

 

Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň syýasy, taryhy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we ynsanperwer ähmiýetini açyp görkezýän düýpli pikirler bilen baýlaşdyrylandyr. Kitapda türkmen Bitaraplygynyň gadymy gözbaşlary, onuň taryhy ähmiýeti, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi hem-de bu syýasatyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözülmegindäki orny giňişleýin açylyp görkezilýär.

 

Şeýle hem eserde Türkmenistanyň daşary syýasy we ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde eýeleýän işjeň orny, ählumumy ähmiýetli meseleleriň çözgüdine gönükdirilen başlangyçlary jikme-jik seljerilýär. Dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar bilen bir hatarda, ýurdumyzda dürli ugurlarda gazanylan üstünliklere we ýetilen belent sepgitlere hem aýratyn üns berilýär.

 

Kitapda bellenilişi ýaly, Bitaraplyk türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, ruhy dünýäsi we milli häsiýeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Bitaraplygy özboluşly we işjeň parahatçylyk syýasaty bolup, ol ýurdumyzyň taryhy we milli gymmatlyklaryna esaslanýar. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistan halkara jemgyýetçiligi bilen giňden hyzmatdaşlyk edýän, dünýä üçin açyk döwlet hökmünde çykyş edýär.

 

Dabarada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki hem çykyş etdi. Ol bu çäräniň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary dürli ugurlarda ösdürmegiň möhüm nyşanyna öwrülendigini belledi. Şeýle hem ilçiniň bellemegine görä, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň täze eseriniň ýapon diline terjime edilip, neşir edilmegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ähmiýetini açyp görkezýän möhüm wakalaryň biridir.

 

«Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyň ýapon dilinde okyjylara ýetirilmegi türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna goşant goşýan möhüm ädim hökmünde kabul edildi. Bu çäre Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriň netijeli çözülýändigini hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär.

 

Täze kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilipdir. Neşiriň sahypalarynda şekillendiriş sungatynyň dürli eserleri ýerleşdirilip, kitabyň çeper bezegine aýratyn ähmiýet berlipdir.

 

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara bähbitli we dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýene-de bir aýdyň beýany boldy.

 

Aýlar BATYROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.