Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Dünýäniň sekizinji täsinligi bolan türkmen kärizleri syýahatçylygyň täze ugry
  31.10.2023
1056
Dünýäniň sekizinji täsinligi bolan türkmen kärizleri syýahatçylygyň täze ugry

Kärizler – haçan we näme maksat bilen döredilipdir?!

Irki döwürlerde Köpetdagyň etegindäki dagdan akýan derýajyklary we çeşmeleri peýdalanmak bilen suwarymly ekerançylyk ýerleri döredilipdir. Ekerançylygyň durnukly ösdürilmegi goşmaça suw gorlaryny talap edipdir. Bu zerurlyk bolsa, kärizler diýip atlandyrylýan taze suw desgalarynyň gurulmagyna getiripdir. Suwdan peýdalanmagyň ussullarynyň iň gadymylaryndan biri bolan kärizler Türkmenistanyň çäginde biziň eramyzdan öňki 1000-nji ýylyň ortalarynda peýda bolupdyr. Käriz - çylşyrymly gidro tehniki desga bolmak bilen, ol ýer asty suw akymlaryny birleşdirýan guýular toplumydyr.

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda bar bolan kärizleriň, has takygy, Türkmenistan bilen birlikde Gazagystanda demirgazyk Eýranda Hytaý Halk Respublikasynyň Sentiama sebitinde ýerleşen kärizleri guranlaryň türkmenlerdigini alymlar öz işlerinde bellap geçýärler.

 

Käriz guýularynynyň ölçegleri

Käriz guýularynyň käbirleriniň çuňlugy 100 metr bolup, ýerasty birleşdiriji çeşmeleriň uzynlygy birnäçe km-e uzapdyr. Guýularyň diametri 1 metrden uly bolmandyr, geçişleriň beýikligi adatça 1,3-1,5 metre çenli bolup, giňligi 80 sm-e ýetipdir. Guýularyň aralygy 20-30 metr töweregi bolupdyr. Käriz ussalary we olaryň kömekçileri örän güýçli bolupdyrlar. Muňa her biriniň ölçegi 120, 70, 50 sm kub bolan daşlar şaýatlyk edýär. Aslynda şeýle ölçeglerdäki daşlary galdyrmak, olary ýer asty geçitleri berkitmäge hyzmat etýan ýere örmek üçin ýük göteriji desgalar gerek bolup durýar. Emma biziň ata-babalarymyz muny nähili amala aşyrypdyrlar? Bu hazire çenli syrlygynda galýar.

 

Käriz gazmak hupbatly iş

Käriz gazmak öran howply bolup, käriz ussalary guýy gazmagyň ýörite usulyndan peýdalanypdyrlar. Gazylýan guýularyň köpüsi häli-şindi ýumurlyp durupdyr. Bir gowy käriz gazmak üçin şol döwürlerde azyndan 3 ýyl, ýerini gazmak kyn bolanda ondan-da köp wagt gerek bolupdyr. Umuman käriz gazmak işi aňsat iş bolmandyr ýöne şeýle-de bolsa, ata-babalarymyz daşlary oýup, ýeriň astyndaky durnanyň gözi ýaly dury we bal ýaly suwy peýdalanmagyň hötdesinden gelipdirler. Käriz gazmak işini sungat derejesine ýetiripdirler.

 

Kärizler Türkmenistanyň haýsy sebitlerinde köp duş gelýär?!

Türkmenistanda kärizler Balkan, Ahal, Mary welaýatlarynda duş gelýär. Kärizleriň agramly bölegi Ahal topragynda ýerleşýär. Ahal welaýatynda Bäherden, Gökdepe etraplarynda häzir hem bu gadymy suw desgasynyň arassa şypaly suwunyň ulanylýan ýerleri bardyr. Dünýäniň 8-nji täsinligi bolan kärizleri dünýa tanatmak daşary ýurt syýahatçylarynyň we alymlarynyň ünsüni eziz Watanymyzdaky kärizlere çekmek maksady bilen, alyp baran ylmy işlerimiziň çäklerinde ýörite taslama taýarladyk. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän ýerlere öňde hem syýahatçylaryň yzygiderli barýanlygyny göz öňünde tutsak, bu taslamanyň durmuşa geçiriljek ýerlerine hem syýahatçylaryň dowamly barjakdygy ikuçsyzdyr.

 

Syýahatçylary bu täsinlige çekmek boýunça nämeler edip bolar?!

Biz taslamada nusgalyk girelgäniň daş tarapynyň şekilini işläp düzüp, onuň daş töwereginiň abadanlaşdyrylmagynyň taslamasyny teklip etdik. Elbetde syýahatçylyk kärhanalarynyň isleglerine göra, daş töwereginde çaýhananyň, milli sowgatlyk bazarjygynyň, has giňeldilen awto duralganyň göz öňünde tutulmagy hem mümkindir. Bu taslamada käriz guýularyň iň amatly bolan iki sanysyny saýlap alyp, iki guýynyň arasynda taslamany durmuşa geçirmelidir. Onuň üçin ilki bilen, bu ýere syýahatçylaryň barmagy hem-de olara ediljek medeni hyzmatlar üçin şertleri döretmelidir. Syýahatçylaryň iki guýyny birikdirýan ötüge barmaklary üçin gapdaldan aşaklygyna girip çeşmäniň akýan ýerine çenli barmaly bolýar. Käriziň akýan çeşmesine düşülýän basgançaklar syýahatçylyk kärhanasynyň islegine göra, has dik, aýlawly görnüşinde ýa-da yapyk görnüşinde ýerine ýetirilip bilner. Käriziň akýan ýarty çeşmesine syýahatçylaryň rahat barmagy we ýöräp görmegi üçin giňeldilen ýerleriň taslamasy iň esasy bölegi bolup durýar.

Bu ýeriň aşagyndaky yşklandyryş ulgamynda adam üçin howply bolmadyk elektrik energiýasy ulanylmaly. Bu yşklandyryş çyralary çykalganyň çykyş tarapyny hem görkezýän görnüşinde ýerine ýetirilse maksada laýyk geler. Ýerasty çeşmäniň üsti suwy görner ýaly reňksiz plastik örtik bilen örtülmeli. Bu bolsa, käriz suwunyň hapalanmagynyň öňüni alýar, şol bir wagtda hem çeşmäniň akyşy gowy görünýär. Syýahatçylardan 7-8 adam rahat ýerleşer ýaly, basgançakdan düşeniňden soňra, her tarapa uzynlygy 10-15 metr töwereginde uzalan dik ýörär ýaly şertler döredilse talaba laýyk bolar.

 

Syýahatçylara hödürlenjek hyzmatlar

Bu ýerde gid-terjimeçi syýahatçylara 10-20 minudyň dowamynda käriziň taryhy ähmiýeti we peýdalanylyşy barada gürrüň berer. Şeýlelik-de, syýahatçylar ýeriň aşagynda çeşmäniň ýanyndaky syýahatlaryny tamamlanlaryndan soňra, daşyna çykyp käriziň bal ýaly suwunyň ýeriň ýüzüne çykýan ýerine baryp, onuň suwundan içip, tagamyny dadyp görerler. Bu bolsa ýeriň aşagyndaky çeşmede gezelenç etmekleri bilen gid-terjimeçiniň täsirli gürrüňlerinden soňky galjak täsirlenmelerine öz goşandyny goşar. Bu taslamanyň Watanymyzy dünýä tanatjak taslamalar bilen bir hatarda bolar diýip, ynanýarys hem-de ol, diňe bir taryhy, medeni taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň sebit üçin getirjek ykdysady peýdalary hem bellärliklidir. Bu taslamanyň syýahatçylar üçin has-da täsirli bolmagy üçin kärizleri ýatladýan milli öwüşginli çaýhanalaryň, milli sowgatlyklaryň satylýan bazarlarynyň gurulmagy gezelenjiň syýahatçylar üçin has-da täsirli bolmagyna ýardam eder.

 

Taslamany taýýarlan:
Tyllagözel IŞANMYRADOWA,
TMÝG-niň işjeň agzasy

 

Ylmy maslahatçysy:
Bamyly Nepesow
Türkmenistanyň ussat mugallymy.

 

Wideo operator:
Agamyrat Nazarow.

 

3D animasiýa:
Agamyrat Nazarow.

 

Wideo kebşirleýji:
Agamyrat Nazarow.