logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Culture /Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyga bagyşlanan medeni çäre geçirildi
  26.11.2025
563
Astrahanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyga bagyşlanan medeni çäre geçirildi

2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda Astrahan şäherindäki General-admiral F.M. Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

 


Çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsuly, Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Astrahan oblasty boýunça wekilhanasynyň wekilleri hem-de institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Şeýle-hem, agzalýan çärä Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdebiniň okuwçylary gatnaşdylar.

 

Konsul G. Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, Garaşsyzlygyň 34 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri hem-de golaýda geçirilen Halk Maslahatynyň möhüm netijeleri barada söz açdy. Şeýle-de, türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ösüşine aýratyn üns berdi.

 

Çäre goşgularyň çeper okalmagy, türkmen halk aýdymlarynyň we dutarda milli sazlaryň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi. Ahyrynda bolsa, gatnaşanlar “küştdepdi” milli tansyny ýerine ýetirdiler.

 

Medeni çäre çäklerinde Türkmenistanyň konsuly we institut direktory O. Kartaşowa Türkmenistanyň talyplary bilen terbiýeçilik-guramaçylyk häsiýetli duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda Konsul hormatly Prezidentimiziň ýaşlar syýasaty hem-de olara döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berdi.

 

Jeren AHMEDOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.