logo

Latest news:
✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦ ✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦
Home / Sports /Buharest şäherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäresi geçirildi
  26.11.2025
535
Buharest şäherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäresi geçirildi

Buharest şäherinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Rumynyýadaky​ Ilçihanasy tarapyndan türkmen talyplarynyň arasynda dostlukly kiçi futbol ýaryşy guraldy. Sport çäresi Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly bilen hem utgaşyp, oňa aýratyn ähmiýet berdi.

 

Bäsleşik Rumyniýanyň dürli ýokary okuw mekdeplerinden, ýagny Buharest, Ploiești​, Timișoara​, Cluj​ ýaly şäherlerden sekiz talyp topary ýygnady. Oýunlar hakyky bäsdeşlik, birek-birege hormat goýmak we dostlukly şertlerinde geçirildi. Bu çäre parahatçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan sport diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysaly boldy.

 

Ýaryşyň ahyrynda üstünlikli çykyş eden toparlara medallar, kuboklar we hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle-de iň gowy oýunçy, iň gowy derwezeçi we ilkinji üç orny eýelän toparlar aýratyn sylaglandy.

 

Bu sport çäre Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, ýaşlary birleşdirýän başlangyçlary goldamaga we Hemişelik Bitaraplyk ýyly mynasybetli parahatçylyk hem-de ynanyşmak gymmatlyklaryny wagyz etmäge bolan tagallasynyň aýdyň subutnamasy boldy.

 

 

Gunça SERDAROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.