logo

Soňky täzelikler:
✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦ ✦ Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ✦ ✦ Çyzuwly Geometriýa Boýunça IV Halkara Olimpiada ✦ ✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Bitaraplyk — adamzat agzybirliginiň beýanydyr
  03.12.2025
348
Bitaraplyk — adamzat agzybirliginiň beýanydyr

Häzirkizaman dünýäniň çylşyrymly ýagdaýlarynda döwletleriň ählisi üçin parahatçylygyň, durnuklylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti has-da artýar. Şol mümkinçilikleriň içinde bitaraplyk ýörelgesi diňe bir daşary syýasatyň bir bölegi däl, eýsem halkyň ahlak sütünine, jemgyýetiň milli ýörelgesi hökmünde aýratyn orna eýe bolýar.


Türkmenistan Watanmyz üçin hemişelik Bitaraplyk döwlet syýasatynyň berk sütünine öwrüldi. Bu beýik ýörelge ýurdumyzyň halkara giňişliginde öz ornuny tapmagynda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde, halkara ynanyşygyny güýçlendirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin hem bitaraplygyň manysy diňe bir hukuk taýdan kesgitlenen status däl, eýsem ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşdyrýan ähmiýetli parahatçylyk köprüsi bolup durýar.


Bitaraplygyň dünýä dolanşygyndaky möhüm wezipesi — gepleşikler, ylalaşyklar, parahatçylykly çözgütler üçin giň mümkinçilik döretmekdir. Bu bolsa häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde barýan geosyýasy dartgynlyklaryň arasynda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle tagallar diňe bir ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklarda däl, eýsem ähli adamzadyň geljeginde hem uly täsir edýär.


Türkmen halkynyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, döwletara gatnaşykda deňhukuklylyk we hormat ýörelgeleri bilen sazlaşýan Bitaraplyk syýasaty bu gün sebitde we dünýäde ynamly hyzmatdaşlygyň nusgasyna öwrüldi. Halkara gatnaşyklarda açyk gapylar syýasaty, dürli forumlary, sport we medeni çäreler, sebitara hyzmatdaşlyga goldaw — bularyň hemmesi Bitaraplygyň diňe bir diplomatik ýörelge däldigini görkezýär.


Şonuň üçin hem Bitaraplyk — diňe bir syýasy status däl, eýsem halkara hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň, adamzat agzybirliginiň beýanydyr.

Berdi Garaýew,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.