logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Politics /Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenildi
  25.11.2025
547
Kabulda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenildi

2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Owganystandaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.

 

Dabara Owganystanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Kabulda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

 

Mejlisde çäräniň myhmanlaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de halkara derejeli ähmiýetli seneleriň hormatyna geçirilýän çäreler hakynda, şeýle-de 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda guraljak Halkara foruma taýýarlyk işleri barada giňişleýin maglumat berildi.

 

Şeýle hem dabarada Türkmenistanyň Owganystanda durmuşa geçirýän TOPH gaz geçiriji, TOP ugry boýunça elektrik geçiriji, demir ýol we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy ýaly iri ykdysady taslamalary, şeýle-de owgan halkyna iberilýän ynsanperwer kömekleri barada aýratyn nygtaldy.

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki üstünliklerini görkezýän wideoýazgylar myhmanlara hödürlenildi.

 

Leýli Mommyýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet
mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.