logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Home / Society /Awazada “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny we durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” boýunça halkara maslahat geçiriler
  03.12.2025
492
Awazada “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny we durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlyk” boýunça halkara maslahat geçiriler

Häzirki wagtda saglyk, bilim, durmuş goragy ýaly ugurlarda zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak jemgyýetiň umumy ösüşiniň möhüm bölegi hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň dürli guramalarynda geçirilmeli çäreler we duşuşyklaryň esasy maksady hem jemgyýetiň bu ugur boýunça alyp barýan işlerini pugtalandyrmakdan ybaratdyr. 


Şu ugurda dowam edýän hyzmatdaşlygyň nobatdaky möhüm tapgyry hökmünde bolsa dekabr aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara maslahat bolup durýar. Bu forum dünýäniň dürli döwletlerinden geljek hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini bir ýere jemlär.


“Awaza” soňky ýyllarda birnäçe halkara çäreleri üstünlikli geçirmegi başaryp, abraýly maslahatlar üçin ynamly merkez derejesine çykdy. Şonuň üçin-de geljek maslahat hem diňe bir pikir alyşmak üçin däl, eýsem, zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny berkitmek boýunça täze başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilik döreder.


Forumyň dowamynda alnyp baryljak çykyşlar, tejribe alyşmalar hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda täze gapylary açar. Bu bolsa durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini has hem artdyrar.

Oguljeren Aýmuhammedowa,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.