Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitaraplyk biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň döredijilikli esasyny düzýän, halkara gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrýan hem-de olaryň ugurlaryny kesgitleýän täsirli gurala öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ösüşiniň taryhy, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky oňyn tejribesi häzirki wagtda dünýäde uly gyzyklanma döredýär, döwlet we jemgyýetçilik işgärleriniň, alymlaryň, halkara guramalaryň we syýasatşynaslyk merkezleriniň ünsüni özüne çekýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş alýar hem-de türkmenleriň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek, ylalaşyklylyk ýaly milli aýratynlyklaryna daýanýar. Bularyň ählisi biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlarymyzda, halkymyzyň we döwletimiziň dünýägaraýyş babatdaky gymmatlyklarynyň häzirki zaman ulgamynda, olaryň esasynda duran ýurdumyzyň ösüşiniň kanunçylyk üpjünçiliginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň hukuk ulgamyny pugtalandyrmakda we kämilleşdirmekde öňe sürülýän esasy maksat döwletiň we jemgyýetiň, her bir şahsyýetiň bähbitleriniň sazlaşygyna we deňagramlylygyna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.
Şu örän wajyp wezipeden ugur alnyp, milli kanun çykaryjylyk ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär hem-de täze kanunlar kabul edilýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda 185 döwletiň goldamagynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu Kararnamada her bir döwletiň daşary syýasatynyň halkara hukugyň kadalaryna we ýörelgelerine hem-de BMG-niň Tertipnamasyna laýyklykda özbaşdak kesgitlenilýändigi nygtalýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga goşant goşjakdygyna umyt bildirilýär.
Türkmenistan bu ugurda adamzadyň gymmatly ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmek baradaky tagallalary, parahatçylyk, özara düşünişmek hem-de dostluk ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda dostlukly, uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny kepillendirýän Esasy Kanunymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine daýanmak bilen, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň iň täze taryhy ýazylýar. Döwlet syýasatynyň esasyny düzýän «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alnyp, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbidine beýik işler amala aşyrylýar.
Läle GURBANOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy.