logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Türkmenistanda täze görnüşdäki banknotlar dolanyşyga girizildi
  04.12.2025
943
Türkmenistanda täze görnüşdäki banknotlar dolanyşyga girizildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň Merkezi banky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-nji dekabryndan başlap, 1, 5, 10 manatlyk täzeden kämilleşdirilen polimer banknotlary hem-de täze 200 manatlyk polimer pul birligini dolanyşyga girizýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Merkezi bankyň metbugat beýanynda bellenilişi ýaly, täze banknotlar hapalanmaga, könelmäge we dürli daşky täsirlere has çydamly bolup, olaryň gorag ulgamy hem ep-esli güýçlendirilendir. Şeýle hem pullaryň hakykylygyny aňsat kesgitlemäge mümkinçilik berýän vizual gorag alamatlary kämilleşdirilipdir. 1, 5 we 10 manatlyk banknotlaryň öňki reňkleri we dizaýny saklanyp, olara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşany goşulypdyr. Täze 200 manatlygyň öň ýüzünde «Arkadag» binasynyň, arka ýüzünde bolsa Arkadag şäheriniň häkimliginiň binasynyň şekili ýerleşdirilipdir. Şeýle-de banknotlaryň ýüz tarapynda çykarylan senesi we Merkezi bankyň başlygynyň golunyň faksimilesi görkezilýär.

 

Bu täze hem-de modifisirlenen pullar eýeçilik görnüşine we iş alyp barmagyna garamazdan, ýurdumyzyň ähli edaralary hem-de guramalary tarapyndan töleg serişdesi hökmünde hökmany kabul edilmelidir. Şeýle-de 2009, 2012, 2014, 2017 we 2020-nji ýyllarda çykarylan banknotlar hem Türkmenistanyň çäginde kanuny töleg serişdesi bolmagynda galýar. Dolanyşykdaky pul we teňňeleriň hakykylygyny anyk kesgitlemek üçin azyndan bäş sany gorag alamatyny barlamak zerur hasaplanýar.

 

Aýbölek GÜÝJOWA,

Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň
taryh mugallymy.