logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /UNIDO-nyň Global senagat sammiti öz işine başlady
  26.11.2025
517
UNIDO-nyň Global senagat sammiti öz işine başlady

2025-nji ýylyň 23–27-nji noýabry aralygynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) 21-nji Baş konferensiýasy we onuň çäklerindäki Global senagat sammiti açyldy. Maslahata Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Toýguly Nurowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar. Bu barada ýurdumyzyň DIM-si maglumat berýär.

 

BMG-niň resmi maglumatlaryna görä, dünýäniň dürli döwletlerinden hökümet wekilleri, hususy pudaklaryň ýolbaşçylary we jemgyýetçilik guramalary senagat ösüşiniň häzirki wagtda ýüze çykýan dünýä ähmiýetli meseleleri — howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy we ýurtlaryň arasynda deň derejeli peýda döredip biljek durnukly üpjünçilik zynjyrlarynyň gurnalmagy ýaly ugurlarda nähili çözgütleri hödürläp biljekdigi boýunça pikir alyşýarlar.

 

«Senagat ösüşi ykdysadyýeti pugtalandyrmakda, garyplygy azaltmakda, iş orunlaryny döretmekde we jemgyýetçilik abadançylygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýete eýedir» diýip, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş sammite gatnaşyjylara iberen hatynda belleýär. Onuň ýüzlenmesini BMG-niň Saud Arabystanyndaky wekili Mohamed El-Zarkani okap berdi.

 

Hepdäniň ahyryna çenli 21-nji Baş konferensiýanyň UNIDO-nyň indiki iki ýylda ýerine ýetirjek işleriniň ugruny kesgitlejek möhüm kararlary kabul etmegine garaşylýar. Bu kararlaryň kabul edilmegi senagat pudagynyň has ýaşyl, adalatly we durnukly ösüşe goşýan goşandyny artdyrmaga gönükdiriler.

 

Maslahatyň dowamynda döwlet wekiliýetleri rezolýusiýa taslamalaryny ara alyp maslahatlaşarlar, UNIDO-nyň ýerine ýetirilen işleri boýunça hasabatlary diňlärler hem-de täze başlangyçlary araýarlar. BMG-niň berýän maglumatyna görä, Senagaty ösdürmek boýunça geňeşiň we Maksatnama-býujet komitetiniň düzümine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işlerine hem girişildi.

 

Selbi BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.