logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy
  12.10.2026
345
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Eýranyň Maşat şäherindäki Ferdöwsi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama Aşgabatda 10–12-nji oktýabrda geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde baglaşyldy.

 

Ylalaşyk iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda akademiki gatnaşyklary ösdürmegi, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy we tejribe alyşmagyny göz öňünde tutýar. Şeýle hem taraplar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça işleri alyp barmagy maksat edinýärler.

 

Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlyk ylmy-barlag işlerini ösdürmek, bilim ulgamyna täze usullary ornaşdyrmak we hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek üçin mümkinçilik döredýär. Bu ugurda tejribe alyşmak mugallymlaryň hünär taýdan ösmegine, talyplaryň bilim mümkinçilikleriniň giňelmegine hem-de iki uniwersitetiň ylmy kuwwatynyň artmagyna ýardam edip biler.

Gapurow Allamyrat
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň V ýyl talyby