logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦
Baş sahypa / Dünýäde /"Bedew bady: güýç hem gözellik" atly döwletara bäsleşigi GDA gatnaşyjy ýutlaryň arasynda, yglan edildi
  09.02.2026
1968
"Bedew bady: güýç hem gözellik" atly döwletara bäsleşigi GDA gatnaşyjy ýutlaryň arasynda, yglan edildi

Türkmen halky adamzat taryhynda ilkinji bolup tohum atlary eldekileşdiren, halklaryň biridir. Hut biziň halkymyz dünýä belli ahalteke bedewlerini kemala getiripdir, alymlaryň pikirine görä, atçylygyň hojalyk işiniň aýratyn ugry hökmünde ýüze çykmagy hem hut ahalteke bedewleri bilen baglanyşyklydyr. Mundan bäş müň ýyl töweregi ozal behişdi bedewleri dünýä beren türkmenler bu ugra esas goýupdyrlar.

Ahalteke bedewi türkmenleriň taryhy mirasynyň, milli dünýägaraýşynyň we ruhy gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň keşbi Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda hem öz beýanyny tapýar. Bedewlere türkmen halkynyň medeniýetinde, edebiýatynda we saz sungatynda aýratyn orun berilýär. Ahalteke atlary garaşsyzlygyň, özbaşdaklygyň we milli buýsanjyň nyşany hökmünde kabul edilýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şu günki günde atçylyk däplerini täzeden dikeltmek we ösdürmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar. Soňky ýyllarda ýurtda atçylyk we atçylyk sporty üçin niýetlenen döwrebap infrastruktura desgalar bina edildi, ähli welaýatlarda atçylyk sport toplumlary gurlup, ylmy-bilim binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Türkmenistan tarapyndan yglan edilen «Bedew bady: güýç we gözellik» atly döredijilik bäsleşigine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň awtorlary gatnaşmaga çagyrylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan GDA-nyň başlyklyk wezipesini ýerine ýetirýär. Bu döwürde öňde goýlan esasy maksatlaryň biri-de dostlukly ýurtlaryň arasynda medeni, taryhy, ynsanperwer hem-de sport gatnaşyklaryny ösdürmekdir. Atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk bu ugurlaryň möhüm bölegi bolup durýar.

Bäsleşige telekompaniýalar, şeýle hem islendik ýaşdaky garaşsyz döredijiler gatnaşyp biler. Filmler islendik dilde bolup, rus ýa-da iňlis dillerinde subtitrler bilen hödürlenmelidir.

Bäsleşige dowamlylygy 15–30 minut bolan, tohum atlaryň taryhyna, atyň GDA ýurtlarynyň halklarynyň medeniýetindäki ornuna we atçylyk sporty bilen baglanyşykly eserler kabul edilýär.

Bäsleşigiň şertleri, tertibi we oňa gatnaşmagyň düzgünleri barada doly maglumat «Türkmenistan habarlar portalynyň» resmi internet sahypasynda ýerleşdirildi.