logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar
  03.04.2026
1794
Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar

Aşgabat teleýaýlymynda görkezilen Sanly gözýetim gepleşiginiň nobatdaky sanynda sanly arheologiýa mowzugy ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Gepleşikde çykyş eden arheolog Azat Annadurdyýew häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň taryhy-medeni mirasy öwrenmekde we gorap saklamakda eýeleýän ornuna ünsi çekdi. Onuň bellemegine görä, sanly arheologiýa arkaly gadymy ýadygärlikleriň takyk nusgalaryny döretmek, olaryň ýagdaýyny seljermek we geljek nesiller üçin maglumatlary gorap saklamak mümkinçiligi artýar.

 

Şeýle hem, gepleşikde sanly ulgam bilermeni Merdan Ataýew sanly tehnologiýalaryň bu ugurdaky ähmiýeti barada çykyş edip, 3D modelirleme, lazer skanerleme hem-de dronlaryň ulanylmagynyň arheologlaryň işini ýeňilleşdirýändigini belledi.

 

Bellenilişi ýaly, sanly arheologiýa diňe bir ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem giň jemgyýet üçin hem taryhy mirasy has elýeterli edýär. Hususan-da, wirtual muzeýler we sanly platformalar arkaly adamlar taryhy gymmatlyklar bilen has giňden tanyşyp bilýärler.

 

Gepleşikde öňe sürlen pikirler sanly ösüşleriň medeniýet we taryh ugurlarynda hem möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.