Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 27-nji oktýabr — 8-nji noýabr aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça 91-nji dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýola düşdi. Ýurdumyza wekilçilik etjek toparyň düzüminde 10 türgen bolup, olaryň bäşisi erkekleriň, ýene bäşisi zenanlaryň arasynda geçiriljek ýaryşlarda çykyş eder.
2026-njy ýylyň möhüm sport wakalarynyň biri hasaplanýan bu çempionat täze Olimpiýa tapgyrynyň başlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Gatnaşyjy türgenler 2028-nji ýylda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin zerur saýlama utuklaryny gazanmak ugrunda güýç synanyşarlar.
Ninbo şäherinde geçiriljek dünýä birinjiligi agyr atletikanyň taryhynda hem aýratyn orun eýeleýär. Sebäbi bu gezekki ýaryş täzeden kesgitlenen agram derejeleri boýunça ilkinji gezek guralar. Çempionatda erkekleriň we zenanlaryň arasynda sekiz agram derejesiniň hersinde, jemi 16 ugur boýunça medallar ugrunda bäsleşikler geçiriler.
Hytaýyň bu iri halkara ýaryşyna ýer eýeçiligi etmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurt 1995-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan 31 ýyl soň, Halkara agyr atletika federasiýasynyň bu derejedäki ýaryşyny ikinji gezek kabul edýär.
Türkmenistanyň sport janköýerleri milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazanmagyna we baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna garaşýarlar.
Ýunus BERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.