Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ylym-bilim döwrebap ösdürilýär
  22.05.2024
296
Ylym-bilim döwrebap ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri esasynda ylym-bilim döwrebap ösdürilýär, okatmagyň häzirki zaman usullary giňden ulanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümiz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösýän, röwşen geljegimiziň berk binýadynyň goýulýan zamanasydyr. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, syýasatda, medeniýet, sport, ylym, bilim hem-de beýleki ugurlarda gazanýan üstünliklerinde, eýeleýän belent sepgitlerinde mynasyp beýanyny tapýar. Milli bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň hemişe üns berýän hem-de üstünliklere beslenýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

 

2024-nji ýylyň maý aýynyň 22-25-i aralygynda ýurdumyzda halkara gatnaşyklary we geosyýasy modelirleme boýunça Halkara olimpiada geçiriler. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazarýaka döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçiriler.

 

Geçirilÿän bu olimpiadanyň baş maksady talyplaryň halkara gatnaşyklary we geosyýasat ulgamynda intellektual ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmakdan, degişli sebitleriň talyp ýaşlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekden, okuw-bilim tejribesini alyşmaga, häzirki zamanyň ylmy we amaly wezipelerini çözüp bilýän ýaş hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak we giňeltmek, şeýle hem Bitarap Türkmenistanyň medeni we bilim diplomatiýasyny wagyz etmek geçiriljek çäräniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini ajaýyp zamanamyzyň ýokary talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürmek babatda durmuşa geçirýän ägirt uly işleri her birimizde çäksiz guwanç duýgularyny döredýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylýan alkyşly sözler her birimiziň dilimiziň senasyna öwrülýär.

 

Suraý NAZAROWA,
rkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutyny
ň talyby.