Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyñ esasy maksady milli saz gurallarynyň taryhy ähmiýetini giňden açyp görkezmekden, ýaş nesliň sungata bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdan, halklaryň medeni mirasyna hormat goýmakdan hem-de saz sungatynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri hökmündäki ornuny wagyz etmekden ybarat boldy.
Aýdym-sazly okuw maslahatynyñ öňüsyrasynda myhmanlar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde guralan milli saz gurallarynyñ sergisi bilen tanyşdylar.
Türkmen halkynyň baý saz mirasyna bagyşlanan çykyşlar çäräniň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ muzeýinde türkmen halk sazy bolan «Goñurbaş mukamy» we Türkmenistanyñ at gazanan artisti O. Igamowyñ ýolbaşçylygynda halk saz gurallary ansambly N. Halmammedowyñ «Türkmen sährasy» eseri ýokary derejede ýerine ýetirildi. Bu çykyşlar milli saz sungatynyň çuňňur köklerini, çeperçilik mümkinçiliklerini we watançylyk duýgularyny saz dilinde şöhlelendirmek bilen tapawutlandy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyñ kandidaty R. Amangeldiýew aýdym-sazly okuw maslahatynda ilkinji bolup çykyş etdi. Soñra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa çykyş edip, maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle-de halklaryň däp-dessurlary, saz sungaty, ýerine ýetirijilik tejribesi, milli saz gurallary, taryhy hakynda giñişleýin aýdyp geçdi.
Maslahatyñ dowamynda dünýä halklarynyň milli saz gurallary bilen baglanyşykly çykyşlar hem giň gerim aldy. Olardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ halypa mugallymy, Halk saz gurallary kafedrasynyñ dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyñ kandidaty Muhammet Gapurowyň «Türkmen milli saz gurallarynyñ orkestri» atly çykyşy diñleýjileriñ ünsüni özüne çekdi. Maslahatyñ dowamynda sungaty öwreniş ylymlarynyñ kandidaty Sazyñ taryhy kafedrasynyñ müdiri Bahar Ýakubowanyň «Türki dilli halklaryñ saz gurallaryny ylmy taýdan öwrenmekde gazanylan üstünlikler» atly çykyşy çuñ many-mazmuna eýe boldy. Dessan aýdylanda dutar-gyjagyñ ähmiýeti barada hem sungaty öwreniş ylymlarynyñ kandidaty, Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyñ uly mugallymy Kerwen Ýolbasarow çykyş etdi.
Maslahatyñ dowamynda diñe mugallymlar çykyş etmän, eýsem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ Sazşynaslyk hünäriniñ IV-V ýyl talyplary hem gyzykly maglumatlary, ýagny Polşanyň wolynka atly saz guraly, Ermenistanyň duduk saz guraly, Perunyň fleýta görnüşleri, Gazagystanyň dombra, Italiýanyň mandolina, Türkmenleriň kemençeli saz guraly, hindi, hytaý, arap, koreý we kanun saz gurallary barada çykyş etdiler. Talyplar dürli halklaryň saz gurallary barada taýýarlan maglumatlaryny diňleýjilere ýetirmek bilen, öz nazary bilimlerini tejribe arkaly berkitmäge mümkinçilik aldylar. Bu bolsa olaryň ylmy gözleg endikleriniň, çykyş etmek başarnyklarynyň we dünýä saz medeniýetine bolan garaýyşlarynyň ösmegine ýardam berdi. Bu çykyşlar dünýä halklarynyň saz medeniýetiniň baýlygyny we köpdürlüligini açyp görkezdi. Her bir saz guralynyň özboluşly gurluşy, ses aýratynlygy, ýerine ýetiriliş usuly we taryhy ösüş ýoly bar. Saz gurallary halklaryň ýaşaýyş-durmuşyny, tebigat bilen arabaglanyşygyny, däp-dessurlaryny we çeperçilik garaýyşlaryny şöhlelendirýän medeni çeşme hökmünde uly ähmiýete eýedir.
Aýdym-sazly okuw maslahatynda dürli halklaryñ eserleriniñ ýañlanmagyna aýratyn orun berildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Laçyn Hudaýberdiýewa rus halk sazy «Kalinka», Nasiba Bahadurowa kanun saz guralynda Antonio Bazzininiň «Goblinleriň tansy» şeýle hem Mähriban Haýydowa çeň saz guralynda Gaji Hanmämmedowyň Konsert №2 eseriniň III bölümini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyşlar dürli saz gurallarynyň tehniki we çeperçilik mümkinçiliklerini açyp görkezdi.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Jemile Gurbanowa «Dünýä halklarynyñ milli saz gurallary» atly çykyşy bilen Halkara maddy däl medeni miras güni mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly okuw maslahatyny jemledi. Şeýle çäreler ýaşlaryň milli gymmatlyklara bolan söýgüsini ösdürmek, dünýä halklarynyň medeni mirasyna hormat goýmak we saz sungatynyň baý tejribesini ylmy taýdan öwrenmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Miýassar ULJAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Sazşynaslyk hünäriniň IV ýyl talyby.