logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Tebigat /Biodürlüligiň goragynda
  30.10.2026
14
Biodürlüligiň goragynda

Ermenistan  Respublikasynyň paýtagty Ýerewan şäherinde BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitiniň ýokary derejede geçirilmegi hem halkara ähmiýetli wakalaryň üstüni ýetirdi. Oňa hormatly Prezidentimiz hem gatnaşyp, möhüm meseleler boýunça çuňňur manyly çykyş etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň adyndan beýan eden tekliplerine we öňe süren pikirlerine çärä gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bildirildi.

 

Liderler sammitiniň gün tertibinde ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi gorap saklamak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek, şeýle hem BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasy bolan COP 17-ä taýýarlyk görmek bilen bagly möhüm meseleler ýerleşdirildi.

 

Hormatly Prezidentimiz çykyşynda Milletler Bileleşiginiň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, şeýle hem tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmagyň zerurdygyny belledi. Şonuň bilen baglylykda, tebigy mirasy gorap saklamak we ylmy barlaglary ösdürmek babatda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy.

 

Şeýle ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini «Bütindünýä mirasynyň «Aram guşaklygynyň Turan çölleri» transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi hem aýdyň görkezýär. Möhüm waka ekoulgamlary aýamakda halkara hyzmatdaşlygyň netijeli mümkinçilikleriniň bardygynyň aýdyň mysaly bolup çykyş etdi.

 

Kümüş REJEPDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

informatika institutynyň mugallym-öwrenijisi.