logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Adam hakdaky alada
  30.10.2026
11
Adam hakdaky alada

Halk bähbitli işleriň ählisi adam hakdaky alada gönügendir. Muny ýurdumyzda 2021-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasy» hem aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Meýilnama adam hukuklaryny, azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň we goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle-de adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we ynsanperwer ulgamda ýöriteleşdirilen düzümler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatyndaky işleri toplumlaýyn esasda dowam etdirmekden ugur alýar.

 

Adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna, Bitarap Türkmenistanyň adamyň hukuklary babatdaky halkara borçnamalary hakynda Jarnama, ýurdumyz tarapyndan tassyklanan adam hukuklary ulgamynda halkara konwensiýalara, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary boýunça Komitetleriniň jemleýji maslahatlaryna esaslanýar. «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasy» hem-de «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasy» hem ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, üpjün etmekde, goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdirilen.

 

Her bir ynsanyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde adamyň tebigy hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepiliniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletini, raýat jemgyýetini gurmagyň esasy şertleriniň biridir. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda hukuklary, azatlyklary kepillendirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary halkara kadalara laýyk getirilýär. Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär we adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny ösdürýär.

 

Annanabat ORAZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.