Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda täze elektrik beketleri işe girizildi ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň özeni ✦ ✦ Türkmenbaşy şäherinde "Sagdyn nesil - sagdyn jemgyýet" atly kiçi futbol bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Döwletli Nesibe HJ: Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda sanly çözgütleriň öňbaşçysy ✦ ✦ Paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy – 2024» atly halkara sergisi öz işine başlady ✦ ✦ Ylym öwrenmek - dünýä akyl ýetirmek ✦ ✦ Maglumat ulgamlary häzirki döwrüň möhüm pudagy ✦ ✦ Çagalar baglary üçin täze metodologiýa neşir edildi ✦ ✦ "Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary" atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Zähmet, bereket we ösüş baýramy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat
  05.10.2024
138
Saragt Babaýew – döredijilikli zähmetden ylham alan ussat

Türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegine öz goşandyny goşan  Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň il ýaşulysy Saragt Babaýew köp ýyllardan bäri heýkeltaraşlygyň  monumental, stanok, haşam görnüşlerinde heýkeller döredip gelýär. Ussat suratkeşiň dürli temalarda döreden heýkel eserleri, Türkmenistan ýurdumyzyň muzeýlerini we sergilerini bezäp gelýär. Döredijilikli zähmetde taplanan heýkeltaraşyň monumental  heýkelleri daşary ýurt Özbegistan, Turkiýe, Russiýa döwletleriniň hem muzeýdir  meýdançalaryny bezeýär. Tanymal halypanyň döreden taslama  eserleri täsin durmuşy wakalardan doludyr. Şonuň üçin onuň döreden eserleri halkyň aňyna ýiti täsir edýär.       

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň,  Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary, pelsepeçi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk senesi bellenilip geçilýär. Heýkeltaraş beýik şahyryň 300 ýyllyk senesi mynasybetli  “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”  ýylynda taryhymyzda ýitmejek yz goýan şahyrymyz Magtymgulynyň altmyş metrden ybarat bolan nurana keşbini şekillendirdi.  Bu monumental heýkel paýtagtymyzyň gözel künjeginde bina edildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Hormatly Gahryman Arkadagymyz we Gahryman Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynda ýurdumyzda zähmet çekýän köpsanly raýatlarymyzy hormatly atlar bilen sylaglady. Hormatly Gahryman Prezidentimiz  halypa Saragt Babaýewe “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen hormatly ady berdi.

 

Orazgözel Utomyşewa
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
ly mugallymy

 

Şeýle-de okaň:
Sungata baglanan ömür
“Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň çeper çözgüdi
Magtymguly Pyragynyň ebedileşdirilşi
Paýtagtyň ajaýyp monumenti
Babadaýhan etrabynda döredijilik duşuşygy geçirildi
ÄGIRT HALYPA SARAGT BABA
Gökdepe (Najaryň köşki)
“Mäne baba” söz ussady
Çeperçilik akademiýasynda diplom goraglary dabaraly geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň sergisi