logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Paýtagtyň ajaýyp monumenti
  15.05.2023
894
Paýtagtyň ajaýyp monumenti

Paýtagtymyz Aşgabat milli mirasymyzy ebedileşdirýän ajaýyp ýadygärlikleridir binalary bilen dünýäniň beýleki şäherlerinden tapawutlanýar. Şeýle ajaýyp ýadygärlikleriň biri hem paýtagtymyzyň «10 ýyl Abadançylyk» we Atatürk köçeleriniň merkezinde ýerleşen, milli saz sungatymyzyň nyşanyna öwrülen «Sungat» monumentidir. Binadaky milli saz sungatymyzyň nyşany bolan dutaryň we onuň owazyna jadylanan guşlaryň hem-de beýleki medeni gymmatlyklarymyzyň şekilleri örän sazlaşykly şöhlelendirilipdir. Binadaky suw çüwdürimlerinden şildiräp çykýan suw sesi bu ýere aýratyn mukam bagyşlaýar.Onuň beýikligi — 18 metr. Bu 18 metr beýiklik heýkeliň podstamenti (üstünde heýkel ýerleşdirilýän ýeri) bilen bilelikde däl, sap özüniň beýikligidir. Munuň özi heýkeliň beýikligi babatda örän jüpüne düşen çözgütdir, sebäbi 18 ýaş ynsanyň kämillige ýetýän ýaşydyr, dutar hem türkmeniň kämil çykan saz guralydyr.Milli saz guralymyz dutarymyzyň ýaşy müňlerçe ýyl bolsa-da, ol biziň üçin baky juwandyr, edil 18 ýaşly jahyl ýalydyr. Ony eý görüp, geljegi öňünde bolan jahyl ýaly kabul etsek-de, hakykatda, türkmeniň dutarynda jahyllygyň ýelgini ýokdur, onuň owazy agrasdyr, paýhaslydyr, Magtymgulynyň şygyrlary ýalydyr. Asyl, Magtymguly Pyragynyň sözleri ýaly agras bolmasa, dutar her bir ýeňles sözi kabul hem etmeýär.Saragt Babaýewiň döreden «Sungat» atly monumenti halk döredijiliginiň senasy hökmünde ýaňlanýar. Heýkeltaraş özüniň monumental kompoziýasynyň esasy hökmünde gadymy saz guraly bolan, türkmen halkynyň ruhy we saz medeniýetiniň nyşanyna öwrülen dutary ulanypdyr. Bu günki gün «Sungat» monumenti Döredijilik şäherçesiniň arhitektura gurluşyna sazlaşykly goşulyp, bize bagşylaryň sazdyr aýdymlaryny ýatladyp, onsuz türkmen halkynyň durmuşyny we medeniýetini göz öňüne getirip bolmajakdygy aňladyp, türkmeniň esasy gymmatlygy barada baş taglymy nygtaýar.

 

Bally ANNAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.