Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ahal welaýatynda täze suw arassalaýjy desgalar açyldy ✦ ✦ Telemedisina sanly tehnologiýa arkaly hyzmat bermek ✦ ✦ Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ✦ ✦ Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikeri - tebigatyň şypaly hazynasy ✦ ✦ Günde näçe ädim saglyk üçin peýdaly ✦ ✦ Hajy Bekdaş Weli — şahyrlar piri ✦ ✦ «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň IV möwsüminiň III oýny geçirildi ✦ ✦ Zehin bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Çeperçilik akademiýasynda diplom goraglary dabaraly geçirildi
  13.06.2024
285
Çeperçilik akademiýasynda diplom goraglary dabaraly geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň talyplarynyň diplom işleri häzirki wagtda TDÇA-nyň Sergiler jaýynda diplom goraglary uly dabaraly, höwesli, joşgunly ýagdaýda geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Zergärçilk”, “Halyçylyk” we “Keramika” hünärleri boýunça talyplaryň diplom işleriniň goraglary dowam edýär. TDÇA-nyň her ugry boýunça geçirilýän diplom goraglary talybyň we halypa mugallymynyň ýyllar boýy sungat üçin eden zähmetleriniň miwesidir.

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Zergärçilik”, “Halyçylyk” we “Keramika” hünärleri boýunça talyplaryna sungat hakdaky naýbaşy düşünjeleri we sungatyň inçe tilsimlerini öwreden halypa mugallymlary bolan keramika hünärinden okatýan Gülara Babaýewa, Dursunsolmaz Muhammedowa, zergärçilik ugrundan okatýan Ogulgerek Myradowa, Aýjemal Çaryýewa, Berdimuhammet Saparow, Şirin Gylyjowa, halyçylyk ugrundan okatýan Annabibi Yslamowa, Oguljennet Mollaýewa, Mergen Berdiýew hem-de ussat halypa mugallymlarymyz talyplaryna arman ýadaman bilimlerini geçirdiler. Indi bolsa olaryň beren sungaty bilimleriniň netijeleri öz elleri bilen döreden diplom işlerindäki çeper eserlerinde şöhlelenýär.   

Diplom işi bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Halyçylyk” hünäriniň talyby Karowa Leýliniň “Türkmeniň bereketli saçagy” atly haly eseri  diplom işini bütewiligine halypa mugallyma Annabibi Yslamowanyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilendir. Diplom işiniň ölçegi: 180-130 sm. bolup, eser çitimli halydyr. Diplom işi üçin niýetlenen “Türkmeniň bereketli saçagy” eseri ýerliligi tutuşlygyna häzirki zamana mahsus bolan açyk reňkleriň mysalyndadyr. Emma, muňa garamazdan haly eserine seredeniňde, ak reňkiň köp agdyklyk etmek bilen merkezdäki goýy owadan gök reňkiň galyberse-de, gyzyl, açyk we goýy sary reňkleriň sazlaşygy ýerlikli ýerleşdirilipdir. Halynyň gyra we merkezi nagyşlarynda tapawutlylyk bar. Bu tapawutlyklar gyra nagyşlarynyň ýerligi gara goňur, gyzyl we ak reňklerde bolup, nagyşlar esasanam sary, gök, ýaşyl, goýy sary reňklerden ybaratdyr. Bu diplom eseriniň täzeçe çözgüdine garamazdan reňk koloridinde we nagyşlarda millilik saklanylýar. Halydaky nagyşlar janly-jandarlaryň geometriki görnüşdäki goçaklaryň yzygiderli setirde, ösümlik äleminiň güllerini geometrik usulda çitilipdir. Eserdäki nagyşlar özara simmetriýalydyr. Bu bolsa biziň türkmen halkymyzyň bereketli topragymyzda öndürilip ösdürilýän bugdaý ösümliginiň keşbi merkezinde “Guşly gölüň” esasy üç ýerde ýerleşdirilip, göl bilen birlikde bugdaýyň geometriki keşbi romblaryň içinde üstünlikli ýerleşdirilýär. Halynyň merkezinde ýerleşdirilen üç sany iri romblaryň daşyndaky nagyşlar hem geometriýalaşdyrylan gölçeler, göller we ösümlik nahyşlary bilen şowly sazlaşýar. Çitimli haly diplomy eserine seredenine seredeniňde, reňkleriň sazlagyny görmek bolar. Göýä, Türkmen halkynyň bereketli saçagyny nogul-nabatdan, dürli tagamlar bilen doldyrylan deý, bolup görünýär. Bu bolsa diplomantyň diplom işi bilen has içgin gyzyklanandygyndan habar berýär.    

Diplom işi bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Zergärçilik” hünäriniň talyplary bolan Agajanow Agagurban, Allaberdiýewa Jeren, Annaýew Abraý, Guwmanow Şatlyk, Öwezgeldiýew Atamyrat we Hudaýgulyýewa Aýgül dagy öz diplom işlerini taýýarlamak bilen hersiniň öz başarnyklaryny döreden eserleriniň üsti bilen beýan etdiler. Şu talyplaryň içinden has hem tapawutly we görnetin görkli çeper eser döreden Annaýew Abraý we Öwezgeldiýew Atamyrat talyplarynyň eserleri mese-mälim manylylygy, çeper beýanylylygy hem-de çeper gymmalylygyny ýitirmän saklandyklary duýulýar.

Diplom işi bilen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň “Zergärçilik” hünäriniň talyby Annaýew Abraýyň “Miras” bedew şaý-sep toplumy” atly diplom işini bütewiligine halypa mugallyma Şirin Gylyjowanyň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilendir. Diplom işi boýunlyk, göwüsbent we ganatdan ybaratdyr. Işiň materialy kümüş, altyn çaýma bolup, bezegini bolsa “Hakyň nazary düşen hakyk daşy” diýlişi ýaly hakyk we pöwrize daşlary bilen bezelipdir. Çeper eserde at şaý-sep bezeg toplumynyň ata-babalarymyzdan gelýän zergärçilik sungatynyň kada-kanunlaryny pozmazdan, olarda gaýtam täze çözgütleriň uly üstünlikli siňsirmek bilen täzeçe pikirlenmelere ýol berýär. Diplomandyň eseri öz gymmatlylygyny, täze öwüşginlerini boýunlyk, göwüsbent, ganat şaýlarynda dörtburç, inedördül, tegelek we gadymdan gelýän naýza şekilli şelpeleriň hakykdyr pöwrize daşlarynyň hem ýerlikli otyrdylmalary esere seredeňde duýulýar.

Diplom işiniň adyndan belli bolşy ýaly, biziň ata-babalarymyzyň iň ajaýyp senetçiligiň biri bolan hem-de sungat derejesine ýetmek bilen birlikde zergärçilik sungatynda aýratyn at şaý-sepler adyna eýe bolandyr. Bu ugurda hem Abraý Annaýewiň türkmen ahal-teke bedewleriniň halkymyzyň durmuşynda aýrylmaz bir parçasydyr. Türkmen halkymyzyň arasynda şeýle bir ata sözi hem ýadyňa düşýär: “Irden turup atyňy gör, atyňdan soň ataňy gör” diýlen jümle gaty jaýdardyr. Sebäbi at-bedew tasdan ynsanyň gany bir gardaşy, dogany, dosty hasaplanýar. Şeýle düşünjeleri özünde besleýän bedewlerimizi bolsa biziň türkmen ýigitlerimiz bezemek hyýalyna düşüp, olaryň başlatyny we döşlerini altyn-kümüş bilen gymmat bahaly daşlar bilen bezäpdirler. Gadymyýetden gelýän bu dessur bolsa, häzirki günlerimizde hem aktualdyr- meşhurdyr.

Arzygül Gubaýewa 
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň 
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy