Ykdysadyýet ylmy ähli ylymlaryň şasy hökmünde tanalaýar we ylymlaryň iň möhümleriniň biri hökmünde giňişleýin öwrenilýän predmet bolup çykyş edýär. Ykdysadyýet, jemgyýetiň ösüşini we ýaşaýyş derejesini üpjün etmek üçin gerekli bolan haryt we hyzmatlaryň öndürilmegini, paýlanmagyny we sarp edilmegini öwrenýän ylymdyr. Ykdysadyýet, dürli ulgamlardan we faktorlarlardan ybarat bolup, olar arasynda döwlet, hususy ulgam, işgärler, we sarp edijiler bolup durýar.Ykdysadyýetiň esasy düşünjeleri, jemgyýetiň maliýe, önümçilik, we bazar gatnaşyklaryna degişli pikirleri we teoriýalary öz içine alýar. Ine, bu düşünjelerden käbirleri:
Resurslar: Ykdysadyýetde resurslar, haryt we hyzmatlaryň önümçiliginde ulanylýan serişdeler bolup bu resurslar, ýer, adam güýji, kapitallar we tehnologiýalar ýaly esasy kategoriýalara bölünýär. Resurslaryň çäkli bolmagy, maliýe mümkinçilikleriniň we önümçiligiň çäkliligini döredýär, şeýlelik bilen önümçilikde netijelilik we takyklyk möhüm bolup durýar.
Önümçilik we öndürijilik: Ösüşe ýetmek üçin önümçilik serişdesi, şeýle hem önümçiligiň netijeliligi we ähli toplumyň esasy öndürijiligi esasy orun tutýar.
Mikro we makro ykdysadyýet: Mikro ykdysadyýet kiçi derejede ýerli bazarlar, firmalar, eýeçilik, we hususy şahsyýetler ykdysady işleri öwrenýär, makro ykdysadyýet bolsa uly derejede döwlet derejesinde, işsizlik, inflýasiýa ykdysady ösüş ykdysady ýagdaýy analiz edýär we öwrenýär.
Durnuklylyk: Ykdysadyýetiň durnuklylygy, ykdysady ösüşiň dowamly we sazlaşykly bolmagyny göz öňünde tutýar. Inflýasiýa, işsizlik, we sagdyn ösüşiň arasyndaky deňagramlylyk bu düşünjäniň möhüm bölegi hökmünde esasy düşünjeleriň biri bolup çykyş edýär.
Kümüş ATAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher
mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby.