Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Sungata baglanan ömür
  03.10.2024
325
Sungata baglanan ömür

Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine giň şertler döredilýär. 2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden
taryhy çykyşlaryna hem-de Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewe «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent adynyň dakylmagy mynasybetli döredijilik maslahaty geçirildi.

 

Maslahatda çykyş edenler ussat heýkeltaraşyň halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, şekillendiriş sungatynda özboluşly heýkeltaraşlyk mekdebini kemala getirendigi, ýurdumyzyň heýkeltaraşlyk sungatyny ösdürmäge uly goşant goşandygy bellediler. Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew döreden monumental keşpleri onuň türkmen halkynyň şöhratly geçmişi bilen çuňňur gyzyklanýandygyna şaýatlyk edýär. Taryhy temasyna, akyldarlaryň we şahyrlaryň, serkerdeleriň, görnükli syýasy işgärleriniň keşplerine bagyşlanan ýadygärliklerini döredendigi üçin Saragt Babaýew ençeme gezek döwlet sylaglaryna we baýraklaryna mynasyp boldy.

 

Ussat halypa heýkeltaraş Saragt Babaýew granitden, agaçdan, bürünçden, mermerden, şamotdan dürli žanrlara degişli bolan tematik eserleri, güberçekleri, allegorik ýadygärlikleri, seýilgähler üçin niýetlenen ençeme taslamalaryň awtorydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň dürli şäherlerindäki monumental-haşam ýadygärlikleriniň döredilmegine gatnaşyp, ömrüniň köp bölegini mugallymçylyk kärine bagyşlaýar. Halypa mugallym häzirki wagtda hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda heýkeltaraşlyk ugrundan zehinli ýaş suratkeşleriň neslini terbiýeleýär. Rowaçlyklary, üstünlikleri, ruhy güýjüni aňladýan türkmen ýaşlarynyň, gahrymanlaryň, ahalteke bedewleriň keşpleri her bir tomaşaçyda mertebe, buýsanç, ynam duýgusyny oýarýar. Heýkeltaraşyň köp ýyllaryň dowamynda döreden serkerdeleriň, şahyrlaryň, syýasy işgärleriň portretleri Türkmenistandaky, Özbegistandaky, Gazagystandaky, Türkiýedäki, Russiýa Federasiýasyndaky şäherlerindäki monumental ýadygärliklerinde şöhlelendirilen.

 

Ussadyň «Magtymguly Pyragy», «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik», «Göroglynyň ýadygärligi», «Ýanardag» bagtyýar döwrüniň medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berip, şäheriň gurşawynda sazlaşykly arabaglanyşýar. Halypa heýkeltaraş, aýratyn hem, Türkmenistanyň sungatynda uly yz galdyran Aman Kuliýew, Yzzat Gylyjow, Çary Amangeldiýew, Mämmet Mämmedow, Juma Jumadurdy, Babasary Annamyradow ýaly suratkeşleriň döredijilik güýjüne, ýüz keşbiniň takyklygyna, şahsyýetiň şahsy aýratynlyklaryna üns berip, tekizlikleriň çeýeligini we sudurlaryň göwrümlerini sazlaşykly peýdalanýar. Alty Garlyýew, Sahy Jepbarow, Nury Halmämmedow, Odenyýaz Nobatow, Daňatar Öwezow, Bazar Amanow, Maýa
Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa ýaly medeniýet işgärleriniň portretleri heýkeltaraşlygyň dürli görnüşlerinde we materiallarynda döredilip, ussadyň erjellik bilen dürli çig mallarda täsirli çeper serişdeleriň täze-täze usullaryny we tärlerini özleşdirýändigini görkezýär.

 

Ussat heýkeltaraşyň «Ene», «Esgerler», «Pelsepe» ýaly ownuk heýkelleri türkmen halkynyň milli özboluşlylygyny, ruhy dünýägaraýşyny çyzyklaryň we göwrümleriň, haşam alamatlaryň çözgüdi esasynda çözülýär. Täsin göwrüm teswirlemeler, öwrümler, bölekler suratkeşe taslamanyň mazmunyny açmaga ýardam berýär. Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatyna özüniň zähmetkeşligi, döredijilik joşguny, täsirli taslamalary bilen özüniň saldamly goşandyny goşýan ussat halypanyň döredijiligi geljekde hem özüniň döwrebaplygy bilen ençeme sungat muşdaklaryny özüne çeker. 

 

Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy.