Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Gökdepe (Najaryň köşki)
  22.04.2020
697
Gökdepe (Najaryň köşki)

    Nişapur-Sarahs-Merw beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen bu arheologiýa ýadygärligi Najaryň köşgüdir. Bu köşk  Sarahs şäherinden 14 km. demirgazyk-günbatarda ýerleşen VI-XV asyrlara degişli bolan döwlet ähmiýetli ýadygärlikdir. Häzirki döwürde bu ýadygärlik uly depe bolup onuň beýikligi 14,33m, boýy 246m, ini 180metre deňdir.Yadygärligiň demirgazyk tarapynda uly kerwensaraý bolup onyň boýy 219m, ini195m we beýikligi 7m deňdir. Bu kerwensaraýyň umumy meýdany 4gektar gowrak bolupdyr.Kerwensaraý bilen obanyň arasy 500m bolup, bu otrumly oba we kerwen saraý gözbaşyny Kiçaga ýabyndan alyp gaýytýan Herdeki ýabynyň boýnunda ýerleşipdir. Häzirki döwürde il arasynda bu ýadygärligiň ýörgünli ady Gökdepe diýip tutulýar. Bu adyň gelip çykyşyny ýaşulylar depäniň üstündki maýdajyk daşlaryň uzakdan seredeniňde tutuş depäniň gök öwsüp duranlygy sebäpli diýip düşündirýärler. Beýik Ýüpek ýolunyň Sarahsdan Merwe çenli aralygy Ö.Orazowyň ýolbaşçylygynda 1964-1970 njy ýyllarda (ЮТАКЕ) Günorta Türkmen arheologiýa ekspedisiýasynyň XXIY-nji topary tarapyndan has içgin öwrenilipdir.  IX asyrda Halif Al Mamunyň hökümdarlyk eden döwründe onuň kowmundan bolan Al-Najar bu köşke we onuň daş töweregindäki oturymly obalaryna eýeçilik edipdir. Soňraky döwürlerde hem onuň mirasdüşerleri ýaşapdyrlar. Şol sebäpli hem Najaryň köşki diýlen at galypdyr. IX-X asyrlarda bu oturumly oba şäherçä öwrülipdir. Şeýlelikde gorag diwarlary, şähristan döreýär.  Onuň töwereginde rabat (şäher etegi) döräp onda köp sanly ýaşaýyş we jemgiýetçilik jaýlary gurlupdyr. XI-XII-asyrlarda şäher hasda   ulalýar. Täze jaýlar, kerwensaraýlar toplumy gurulýar, metjitler salynýar. XII-nji asyryň ikinji ýarymynda bu ilatly ýer Sarahs-Merw kerwen ýolunyň bir duralgasyna öwrülýär.  Orta asyr alymlarynyň bellemeklerine görä Saragt ülkesi gündogar ýurtlarynda özüniň örän ýokary hilli bugdaýy we mähnet düýeleri bilen meşhur bolupdyr. Mary-Maşat kerwen ýolunyň ugrunda uly düşelge bolan Sarahs şäheriniň töwöreginde onlarça abadan obalar bolup, olar agyz suwyny gyşyna derýadan,tomsuna bolsa süýji suwly guýulardan alypdyrlar.Merwli taryhçy alym as-Samany özüniň ,,Kitab al-ensab” ,,Kisbalar kitaby” diýen işinde Saragsyň Andukan,Bazana, Balujuzjan, Hafsabat, Halbarzan, Zürabat, Sanwajrid, Surfakan, Salmukan, Kutankaw, Giwadust ýa-da Kalasaduş, Kawnen ýaly obalaryň atlaryny sanaýar. XII-asyr alymy Ýakut bu obalaryň üstüne ýene Awuzan, Biwezan,Duwenç, Halikbat, Şiraz we Nuweýze obalaryny goşýar.As-Samany Sarahsyň taryhy boýunça köp kitaplary dörüp, bu şäheriň Eýranyň 12-nji legendar şasy Keýkawusyň döwründe (biziň eramyzdan has öň) gurlandygyny habar berýär.   Ýadygärlik 1953-1956-njy ýyllarda K.A.Adykowyň we 1964-1970 nji ýyllarda Ö.Orazowyň ýolbaşçylygynda arheologiýa ekspedisiýalary tarapyndan owrenilýär.

         Ýadygärlik öwrenilende, şol döwre degişli iki sany iç tarapynda dini mazmunly ýazgy ýazylan,metaldan ýasalan keşdeli togalak çäýnege meňzeş küýze hem-de gyrmyzy reňkli toýundan ýasalan gap tapyldy.

         Häzirki döwürde bu ýadygärlik ,,Köne Sarahs” taryhy medeni döwlet goraghanasynda hasapda durýar we goraghananyň hünärmenleri tarapyndan öwrenilýär