logo

Soňky täzelikler:
✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäherinde biologik köpdürlüligi goramak boýunça halkara başlangyçlary öňe sürdi ✦ ✦ Bilim almagyň ilkinji mekdebi maşgaladan başlanýar ✦ ✦ Ýurdumyzda talyplaryň Uniwersiadasy we mekdep Spartakiadalary geçirilýär ✦ ✦ Garaşsyzlyk - her bir halkyň durmuşynda iň beýik gymmatlykdyr ✦ ✦ Türkmenistan — GDA: netijeli gatnaşyklaryň ýokary derejesi ✦ ✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ýola goýulýar
  23.11.2025
440
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ýola goýulýar

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ykdysady, medeni, ylmy-tehniki we beýleki möhüm ugurlar boýunça birnäçe ýyl bäri işjeň hyzmatdaşlyk edilip gelinýär. Häzirki döwürde hem iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy has hem berkitmek we sebitdäki durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen birnäçe möhüm ylalaşyklara gol çekildi.


Olaryň hataryna serhetýaka söwda zolaklarynyň işini kämilleşdirmek, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, oba hojalygy we ekologiýa babatda bilelikdäki işleri giňeltmek, ulag we hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm ugurlar girýär. Şeýle hem medeniýet, bilermenler geňeşleri, ekologiýa we tokaý hojalygy ýaly geljegini şekillendirýän taslamalar hem resmileşdirildi.


Bu ylalaşyklaryň amala aşyrylmagy iki ýurduň sebitler arasyndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirip, halkara we sebitdäki durnukly ösüşe goşant goşar. Şeýlelik bilen, Türkmenistan bilen Özbegistan arasynda gatnaşyklarynyň täze sahypasy açyldy we hyzmatdaşlyk geljekde hem giň gerimli ösdüriler diýip garaşylýar.

Sähra Muhammedrüstemowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň IV ýyl talyby.