logo

Latest news:
✦ Türgenlerimiz XX tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşýarlar ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk institutynda Ozon gatlagyny goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty geçirildi ✦ ✦ Daşary işler ministriniň orunbasary Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ Seulda ilkinji «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» sammiti geçirildi ✦ ✦ “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegi “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine tabşyryldy ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň gymmaty ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Watanymyzyň ganaty ✦ ✦ Geňeşli il — döwletli il ✦
Home / Economics /Sanly ykdysadyýet innowasiýalary durmuşa geçirmegiň esasy ugry
  22.11.2025
590
Sanly ykdysadyýet innowasiýalary durmuşa geçirmegiň esasy ugry

Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň häzirki tapgyrynda sanly ulgamlaryň orny barha artýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şu ýyl hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda «Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tasdyklanyp, onuň durmuşa geçirilmegi işjeňleşdirildi.


Konsepsiýanyň esasy maksady — sanly infrastruktura arkaly ähli pudaklaryň netijeli ösmegini üpjün etmek, döwletiň we işewürlik guramalarynyň işini kämilleşdirmek, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny ulanmak we kanunçylyk esasynda ýerleşdirmek bilen ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdyr. Bu bolsa diňe ykdysady ösüşiň däl, eýsem halkara standartlara laýyk gelýän döwrebap işewürlik mümkinçiligini döretmegiň hem möhüm şerti bolup durýar.


Sanly ykdysadyýeti ösdürmek ulgamynda degişli çäreler birnäçe ugurda amala aşyrylýar: elektron hökümet ulgamyny kämilleşdirmek, sanly bilim we ylym ulgamlaryny ösdürmek, sanly lukmançylygy giňeltmek, maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, maglumaty geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak. Şeýle hem, maýa goýumlary çekmek we önümçilik bilen ylym-bilim ulgamyny utgaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýetiň täsirini ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryna giňeltmek meýilleşdirilýär.


Bu işleri amala aşyrmak diňe häzirki ykdysady mümkinçilikleri artdyrman, eýsem, geljek üçin hünärmenleri taýýarlamak, innowasion tehnologiýalary giň gerimde ulanmak we ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny güýçlendirmek üçin hem möhüm şert döredýär. Ylym we önümçiligiň utgaşdyrylmagy ýurdumyzda innowasiýa işjeňligini ýokarlandyrmaga, täze önümçilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge we bazardaky ornymyzy pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.


Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty we öňdengörüjilikli çemeleşmeleri sanly ykdysadyýetiň ähli ulgamlarda işjeň ornaşdyrylmagyna mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak, innowasiýalary durmuşa geçirmek we geljekki ösüş üçin pugtaly binýady döretmek ugrunda aýdyň ädimdir.

Eneş Baýramdurdyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.