logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragynyň ebedileşdirilşi
  21.03.2024
631
Magtymguly Pyragynyň ebedileşdirilşi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň hatyrasyna döredilen ýadygärlikler, heýkeller, muzeýler we ençeme beýleki desgalaryň açylmagy şahyra goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Onuň mirasynyň ebedileşdirilşi, diňe bir türkmen halkynyň däl eýsem dünýä ýüzünde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär. Aýratyn hem köpetdagy etekläp otyran Magtymguly Pyragy heýkeli Merkezi Aziýada iň uly heýkelleriň biri hasaplanýar.

 

 

Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döreden beýikligi 60 metr bolan äpet heýkel paýtagtyň günorta böleginde, Saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda oturdyldy. Onuň töwereginde medeni-seýligäh toplumynda, daşary ýurtlaryň edebiýatynyň nusgawy şahsyýetleriniň heýekelleri oturdylar. Mundan başgada şahyryň heýkellerini diňe Türkmenistanda däl, eýsem Russiýanyň, Turkiýanyň, Özbegiistanyň başgada birnäçe ýerlerde görmek bolýar.

 

 

Beýik şahyryň Russiýada oturdylan heýkeli Stwaropol ülkesinde, Astrahan oblastyndaky ýadygärligi bolsa Astrahan döwlet uniwersitetiniň öňündäki seýligähinde, Ankaranyň “Türkmenistan” seýilgähinde, Özbegistanyň Daşkent şäherinde, Ukraina döwletiniň Kiýew şäherinde, Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň Kümmetkowus şäheriniň girelgesindäki meýdançasyny bezeýär.


Aýgül Babaýewa,
Türkmen döwlet Maliýe institutynyň talyby.