Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Bilim - Berkarar geljegiň binýady ✦ ✦ Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteri - täze eýýamyň saglyk we ykdysady ösüş binýady ✦ ✦ Seýsmik howplar meselesi barada maslahat geçirildi ✦ ✦ Okuw-usuly maslahat: täze usullar bilime ornaşýar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň çeper çözgüdi
  18.05.2024
328
“Magtymguly Pyragy” medeni seýilgäh toplumynyň çeper çözgüdi

Ýer ýüzüniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýan paýtagtymyzyň köp sanly gözel ýerleriniň hataryna Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumy hem goşulýar. Mähriban Watanmyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde döredilen heýkel eserleriniň agramly bölegi nusgawy şahyrlarymyza bagyşlanýar. Şolaryň ählisinde watançylyk duýgusy aýratyn öňe çykýar.

 

Bu gymmatly hazynadan peýdalanyp halypa mugallymymyz ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew şägirtleri bilen monumental eseri bürünç materialyndan guýma usulynda ýerine ýetirip beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini dikeldildi. Bu ajaýyp ýadygärlik paýtagtymyzyň günorta böleginde Saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda janlandyrylýar. 60 metre barabar bolan bu heýkel Magtymguly Pyragynyň özüniň nusgalyk şygyrýeti ýaly ajaýyp, nurana keşbi buýsanç bilen türkmen halkyna garap sol elinde kitaby, sag eli bilen halky bir supra agzybirlige çagyryp, ýurduň özbaşdaklygyny halkyň asuda ýaşamagyny arzuwlaýan mysalynda janlanýar. Bu heýkeliň dag eteginde ýerleşmegi bu baýyrlyga dabaraly öwüşgün berýär we ýadygärligi gutarnykly keşpde görkezýär. Şonuň bilen birlikde-de ýadygärligiň öňündäki giň meýdançasy türkmen halky we sungat adamlary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär Monumentiň öňündäki meýdança ýerleşdirilen bäş göli, bäş welaýatyň bir suprada jem bolup, halkyň agzybirligini äşgär edýär.

 

Beýik şahyryň ruhy, halkymyzyň milli ahlak gymmatlyklary, ýagşy-ýamany anyk kesgitleýän garaýyşlary siňen ajaýyp şygyrlary tutuş adamzadyň kalbynda baky ornaşdy. Häzirki günde hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä halklary öwrenýär. Magtymgulynyň altyn hazynasy hasaplanýan baý edebi mirasy nesilden-nesle geçip, biziň häzirki günlerimize gelip ýetipdir. Şahyr ýüregi örän duýguly bolýar. Muny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eseri bolan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda hem doly duýup bilýäris. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Gahryman Prezidentimiziň we Turkmen halynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda milli sungatymyza uly sarpa goýulýar. Däp-dessurlara degişli maglumatlary düýpli öwrenmekde, wagyz edip halka ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsini, döredijilik taýdan pikir ýöredip bilýän milli ussatlary kemala getirmek möhüm şert bolup öňe çykýar. Watanymyzda türkmen şekillendiriş sungatynda uly yz galdyran medeniýet we sungat işgärleriniň sarpasy belentden tutulýar.

 

Leýli Allakuliýewa.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 1-njy ýyl talyby.