Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Medeniýet /“Mäne baba” söz ussady
  01.04.2020
834
“Mäne baba” söz ussady

    Abu Sagyt Mähneýiniň (Mane baba) kümmeti biziň Garaşsyz we baky Bitarap ýurdumyzdaky saklanyp galan iňňän möhüm ähmiýetli we özboluşly ajaýyplygy bilen tapawutlanýan taryhy arhitektura ýadygärlikleriniň biridir. Bu kümmet Aşgabat şäherinden 216 km uzaklykda, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýär. Kümmetiň bina edilen wagty XI  asyryň ortasy diýlip senelenýär. Bu ajaýyp bina ilkinji türkmen-seljuk soltanlary Çagry beg hem-de Togrul beg tarapyndan Gündogaryň beýik akyldary, aryf hem söz ussady, keramatly pir Mäne babanyň – Abu Sagyt Abul Haýyryň (967-1049 ý.) guburynyň üstüne gurdurylypdyr. Sünnälenip sungat eseri derejesine ýetirilen bu ymaratyň gurluşygynda saragtly ussalaryň binagärlik mekdebiniň ýörelgelerine laýyklykda, gümmeziniň iki gatly edilip gurlandygyny bellemek möhümdir. XIV asyryň birinji ýarymynda ymaraty düýpli üýtgedip gurmak işini geçiripdirler, ýöne ol kümmetiň konstruktiw esaslaryna täsir etmändir. Şeýle-de bolsa täze stiliň we başga hili estetiki normalaryň talaplary onuň arhitektura - çeperçilik keşbini düýpli özgerişlere getiripdir. Kümmetiň iç ýüzi kämillige ýeten hatdatlaryň eli bilen arap ýazuwynda dini ýazgylar we çeper goşgy setirleri bilen bezelipdir. Esasy girelge – peştag syrçaly nagyş düzümleri bilen nagyşlanypdyr. Ymaratyň bezeg işlerinde gök, ýaşyl, ak reňkler peýdalanylypdyr, aýry-aýry ownuk goşmaça nagyşlar bolsa sary kaşin keramikasyndan edilipdir. Girelgäniň – peştagyň ýüzündäki ýazgylar mukaddes Gurhanyň sürelerinden aýatlardyr. Bu ýerde tegelek möhür şekilli geometrik bezegdäki ýazgylar ünsüňi özüne çekýär. Arap ýazuwynyň kufi usulynda töweregiň daşyna “Al mülkül lillah” - “Mülk Allanyňkydyr” diýlip ýazylypdyr. Tegelegiň içine bolsa arap dilinde sazlaşykly şahyrana sözler:

         “Dari liman ýadari-

           Nari liman ari”

                   (Meniň öýüm meni bilýänleriňkidir,

Meniň odum maňa şübhelenýänleriňkidir)

         -diýlip ýazylypdyr. Kümmetiň tutuş içiniň dekoratiw bezegliligi özboluşly täzelikdir. Onuň diwarlarynyň düýbünden başlap gümmeziniň ujuna çenli bütin diwarlarynyň ýüzüni örtýän ýazgylar we nagyşlar beýleki taryhy-arhitektura ýadygärliklerinde duş gelmeýär diýen ýalydyr. Emma gynansak-da, häzirki günlere çenli bu ajaýyp işleriň diňe kem-käs bölegi saklanyp galypdyr. Kümmetiň mozaikalarynyň we ýazgylarynyň baýlygy, köp dürlüligi we ýokary çeperçiligi bu ýerde el hünäri il gezen uly ussataryň gaýtalanmajak  zehininden habar berýär. 2005-nji ýylda bu ýadygärlikde öwreniş we rejeleýiş-berkidiş işleri geçirildi. Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek hem-de rejelemek işlerini alyp barýan Milli müdirliginiň ýolbaşçylygynda ýola goýlan bu işleriň dowamynda kümmetiň diwarlarynyň iç ýüzünde aşaklaýyn 80 sm çuňlukda syrçaly örtügiň ýüze çykarylmagy wajyp ylmy täzelikdir. Kaşin keramikasy garamtyl-goňur syrça bolup, onuň ýüzüne altynsow zerli öwüşginde arap ýazuwynda tekstler ýazylypdyr. Ýazgylar Gurhany Kerimden aýat-süreler we Abu Sagyt Abul Haýyr hakyndaky ýatlamalardyr. Bu bezeg işleri XIV asyra degişli diýlip senelenilýär. 2007-nji ýylyň güýzünde kümmetiň gabat garşysyndaky orta asyr metjidiniň galyndylaryny gaýtadan berkitmek üçin arheologiýa-arassalaýyş işleri geçirildi. Bu ajaýyp ymaratyň ýüze çykarylan diwarlary taryhçylaryň Mäne baba kümmeti ýadygärliker toplumy bolupdyr diýip tassyklamalarynyň hakykata laýyk gelýändiginden habar berýär. Mäne babanyň - meşhur aryfyň, il-gününe penakär hem hossar bolup ýaşan beýik ynsanyň hatyrasy türkmen soltanlarynyň kalbynda ýaşap, nazaryndan aýrylmandyr. Onuň kümmetiniň ýüzlerçe ýyllap gözel görkde durandygyny taryhy maglumatlar habar berýär. Mäne babanyň aýdan sözlerini, halatlaryny, rowaýatlaryny, keramatlaryny zerbap syrça siňdirip, diwara dessan edip ýazypdyrlar... Müň ýyla golaý wagt bäri bu ajaýyp ýadygärlik Haweran düzünde mukaddes türkmen topragynyň halatly piri Mäne baba hakynda, türkmeniň şöhratly geçmişi hakynda gürrüň berip otyr. Bu döwlet ähmiýetli taryhy-medeni miras türkmen halkynyň guwanjydyr.