Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Medeniýet /ÄGIRT HALYPA SARAGT BABA
  15.11.2020
859
ÄGIRT HALYPA SARAGT BABA

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärlerine aýratyn sarpa goýulmagy esasynda sungatda asla öçmejek eserleri döredýän ussatlarymyz bilen duşuşyklary geçirmäge uly mümkinçilikler döredilýär.

         Ýakynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde sungat äleminde beýik ösüşleri gazanan, heýkeltaraşlyk sungatynyň ussady, halypa mugallym Saragt Babaýew bilen duşuşuk geçirildi.

         Medeniýet merkeziniň girelgesinde K.Geldimyrdow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň hem-de Ak altyn çagalar sungat mekdebiniň ýaş zehinli okuwçylarynyň çeken surat eserlerinden sergi guraldy. Halypa mugallym Saragt Babaýew guralan sergide çagalaryň çeken surat eserlerine aýratyn üns berip, olara suratkeşlik sungatynyň inçe syrlary barada gürrüň berip, gelejekde hem sungat äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw edip halypalyk maslahatyny berdi.

         Soňra medeniýet merkeziniň sahnasynda  Saragt Babaýew bilen erkin söhbetdeşlik dowam etdi. Halypa mugallym sözüniň başynda özüniň ömür döredijiligi barada gyzykly gürrüňleri berdi. Saragt Babaýew döreden eserleriniň taryhy barda gürrüň açyp, käbir eserlerini öz durmuşyndaky bolup geçen wakalaryň üsti bilen döredendigi hakynda aýtdy. Ussat heýkeltaraş uzak ýyllaryň dowamynda stanok, monumental, haşam heýkeltaraşlygy ugryndan dürli eserleri döredip, taryhy şahsyýetleriň, serkerdeleriň, şahyrlaryň, syýasy işgärleriň monumental ýadygärlikleri hem-de ençeme portretlerini diňe bir öz ýurdymyzda däl eýsem daşary ýurtlarda ýagny Özbegistandaky, Türkiýedäki, Russiýadaky döreden naýbaşy eserleri barada gürrüň berdi. Duşuşugyň dowamynda halypa mugallym okuwçylar bilen özara sorag-jogap alyşyp bilermen ýaşajyk suratkeşlere kämilleşmegiň inçe syrlary barada gürrüň berip, belent sepgitlere ýetmek üçin arman-ýadam zähmet çekmegiň üstünlige ýetirýändigi barada aýdyp geçdi. Halypanyň beren maslahatlary ýaş suratkeşlerde özüniň ýatdan çykmajak täsirini galdyrdy.

         Duşuşygyň ahyrynda ussat halypamyz medeniýet we sungat işgärlerine özüniň minnetdarlygyny bildirip, sungat mekdepleriniň mugallymlaryny we okuwçylaryny okuw tejiribelerini artdyrmak şeýle hem suratkeşlik sungatyna bolan gözýetimlerini has-da giňeltmek üçin öz ussahanasyna myhmançylyga çagyrdy.

         Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Magtymguly adyndaky baýragynyň eýesi Saragt Babaýew Hormatly Prezidentimiziň

halypa-şägirtlik ýoluny açyp gelejegmiziň röwşeni ýaş nesillerimiz bilen şeýle duşuşyklary  geçirmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdy. Soňra Saragt Babaýewe Kiçi Geldimyradow adyndaky çagalar sungat mekdebiniň hem-de TDP-niň Babadaýhan etrap komiteti tarapynda Hormat Haty we ýädigärlik sowgatlary gowşurylyp, Babadaýhan etrap medeniýet bölüminiň müdiri R.Baýramgeldiýew öz çykyşynda halypa heýkeltaraş Saragt Babaýewe özüniň gymmatly wagtyny sarp edip beren gyzykly gürrüňleri üçin medeniýet we sungat işgärleriniň adyndan minnetdarlygyny aýtdy. Şeýle hem medeniýet merkeziniň baş hünärmeni M.Sommanow ägir halypamyza bolan ýürek buysanjyny goşgy setrileriniň üsti bilen beýan edip duşuşygy jemledi.

 

Sungatyň ägirdi Saragt Baba

 

Döreden eserleň haýrana goýar,

Sungatyň ägirdi Saragt Baba.

Eden işleriňizi hemmeler söýer,

Sungatyň ägirdi Saragt Baba.

 

Sungata baglanan ömür ýodasy,

Täzelik döretmek göwün kadasy,

Şekillere baýdyr onuň adasy,

Sungatyň ägirdi Saragt Baba.

 

Eden işleriöiz sanardar köpdür,

Işiniň ussady ýüregi päkdir,

Saragt Babanyň özi sungatdyr,

Sungatyň ägirdi Saragt Baba.

 

Arkadag hormatlap serpaýyn ýapdy,

Il-ýaşulsy diýen adyny dakdy,

Diňe biz däl dünýä guwanyp bakdy,

Sungatyň ägirdi Saragt Baba.