Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /TÜRKMEN- ITALÝAN KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY DOGANLYK YOLY
  10.11.2019
737
TÜRKMEN- ITALÝAN KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY DOGANLYK YOLY

    Hormatly Prezidentimiziň Italiýa döwletiniň resmi sapary dostlukly döwlet bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle-de Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze tapgyry açýar. Bu dostlukly ýurt bilen diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýulyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly esasy bolan kadalaşdyryjy-hukuk binýady häzirki wagta çenli gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalaryň uly toplumy bilen berkidildi. Türkmen-Italiýan gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň 2009-2015-nji ýyllarda Italiýada bolan resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi. Türkmen-Italýan gatnaşyklarynda ýangyç-energetika pudagy, söwda-ykdysady ulgamy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, oba hojalygy we beýleki ugurlar döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, şeýle hem syýahatçylyk ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge okgunly häsiýete mahsusdyr. Türkmenistan dünýä möçberinde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly goruna eýelik etmek bilen, ýurduň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalary durmuşa geçirýär. Döwletara hem-de hökümetara derejesinde geçirilýän duşuşyklar Türkmenistanyň we Italiýanyň köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmeklige ygrarlydygyny tassyklaýar.

   Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran birinji resmi saparynda döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda aýratyn waka boldy. 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherindäki «EXPO — 2015» Bütindünýä sergisine gatnaşmak maksady bilen bu döwlete iş saparyny amala aşyrdy. Şeýle abraýly sergiler ýurtlaryň gazanýan ykdysady üstünliklerini görkezmekde, şol bir wagtyň özünde dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň täze gazananlaryny, olaryň ykdysady taýdan işjeňliginiň netijeleri bilen tanyşmakda oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Şonuň bilen birlikde, serginiň çäklerinde Türkmenistanyň milli gününiň geçirilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda edilen möhüm ädim boldy. 2019-njy ýylyň 6-7-nji noýabrynda Italiýa döwletine resmi sapary Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda nobatdaky ädim hökmünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açar. Giň möçberli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler güýçli itergi berer. Dostlukly hyzmatdaşlygyň belent sepgitlerine barýan Türkmenistanyň we Italýanyň özara dostlukly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça netije, arkalaşykly hereket etmegiň täze sepgitlerini kesgitlemek bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

    Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, mähriban Watanymyzyň günsaýyn gülläp ösmegi, biziň asuda, parahat, eşretli ýaşaýşymyz üçin taýsyz tagallalar edýän mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!