logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Nature /Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di
  12.10.2026
7
Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di

Tebigaty goramak diňe bir aýry-aýry ýurtlaryň däl, eýsem tutuş adamzadyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Deňizleriň we derýalaryň ekologik ýagdaýy, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy, howanyň üýtgemeginiň täsirleri häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň hatarynda durýar. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ilkinji Hazar ekologiýa sammiti aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Hazar deňzi özboluşly tebigy baýlyklary, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Onuň ekologik ýagdaýy diňe bir kenarýaka ýurtlary üçin däl, eýsem tutuş sebitiň tebigy deňagramlylygy üçin hem möhümdir. Şonuň üçin Hazar deňzini goramak, onuň biodürlüligini saklamak we daşky gurşawa ýetirilýän täsiri azaltmak meselelerine bilelikde çemeleşmek zerurdyr.

 

Sammitde ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri deňziň suw derejesiniň üýtgemegi boldy. Suwuň derejesiniň peselmegi kenarýaka ekoulgamlaryna, tebigy ýaşaýyş ýerlerine we biodürlülige täsir edip bilýär. Şeýle ýagdaýda diňe bir ýüze çykan meseleleri öwrenmek däl, eýsem ylmy maglumatlara daýanýan öňüni alyş çärelerini işläp taýýarlamak hem aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňziniň suw derejesi bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek üçin hökümet baştutanlarynyň orunbasarlarynyň derejesinde ýörite topar döretmek teklip edildi. Şeýle hem alymlardan, bilermenlerden we degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat iş toparlaryny döretmek, olaryň ylmy maglumatlaryň esasynda sazlaşykly teklipleri taýýarlamagy göz öňünde tutuldy. Bu toparyň ilkinji mejlisini 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda Azerbaýjanda geçirmek teklibi hem öňe sürüldi.

 

Sammitiň çäginde Hazar deňziniň suw serişdelerini goramak we rejeli peýdalanmak boýunça döwletara maksatnamany taýýarlamak meselesi hem goldanyldy. Şeýle başlangyçlaryň ähmiýeti olaryň diňe bir ekologik meseleleri öwrenmek bilen çäklenmän, degişli ýurtlaryň tagallalaryny bitewi ugra gönükdirmäge mümkinçilik bermegindedir.

 

Sebitiň ekologik abadançylygy suw serişdeleriniň dolandyrylyşy bilen hem berk baglanyşyklydyr. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awazada» Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary derejeli duşuşygynyň geçirilmegi hem bu meseläniň ähmiýetini görkezýär. Suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, olaryň döwletara dolandyrylyşyny kämilleşdirmek we howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak sebitiň durnukly ösüşi üçin möhüm şertlerdir.

 

Agroekologiýa nukdaýnazaryndan seredilende, suw serişdeleriniň ýagdaýy oba hojalygy, topragyň hasyllylygy we tebigy ekoulgamlaryň durnuklylygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Suwuň tygşytly ulanylmagy, topragyň zaýalanmagynyň öňüniň alynmagy we tebigy baýlyklaryň ylmy esasda dolandyrylmagy geljek nesiller üçin sagdyn daşky gurşawy saklamaga hyzmat edýär.

 

Ekologik meseleleriň çözgüdi diňe bir halkara maslahatlarda kabul edilýän başlangyçlara däl, eýsem olaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmegine hem baglydyr. Yzygiderli ylmy gözegçilik, maglumat alyşmak, hünärmenleriň hyzmatdaşlygy we bilelikdäki taslamalar tebigaty goramak boýunça netijeli çäreleriň esasyny düzýär.

 

Hazar ekologiýa sammiti tebigaty goramakda umumy jogapkärçiligiň we sebitara hyzmatdaşlygyň zerurdygyny ýene bir gezek görkezdi. Hazar deňziniň baý tebigatyny, derýalaryň suw serişdelerini we tutuş sebitiň ekologiýa deňagramlylygyny gorap saklamak diňe şu günki günüň däl, eýsem geljek nesilleriň öňündäki borjumyzdyr.

Güljan Nurmämmedowa,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň mugallymy