logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy
  09.10.2026
198
Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy

Özbegistan 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Russiýadan we Türkmenistandan tebigy gaz importynyň möçberini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15,2 göterim artdyrdy. Netijede, importyň umumy bahasy 1,21 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada The Caspian Post neşiri habar berdi.

 

Importyň umumy möçberinde suwuklandyrylan gazyň, şol sanda propanyň paýyna 124,3 million dollar düşdi. Bu önümleriň satyn alnyşy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,5 esse ýokarlandy.

 

Ýylyň ilkinji sekiz aýynda gaz importynyň bahasy aýlar boýunça üýtgäp durdy. Ýanwar aýynda bu görkeziji 167,6 million dollar bolan bolsa, fewralda 34,6 million dollara çenli aşaklady. Soňky aýlarda importyň bahasy gaýtadan ýokarlanyp, maýda 216,4 million dollara, iýun aýynda bolsa 247 million dollara ýetdi. Bu ýylyň başyndan bäri iň ýokary görkeziji boldy.

 

Iýul aýynda gaz importynyň bahasy 38,3 million dollara çenli azaldy. Awgustda bolsa import gaýtadan ýokarlanyp, 206,1 million dollara deň boldy.

 

Importyň artmagyna garamazdan, Özbegistanda tebigy gaz çykarylyşynyň pese düşmegi dowam edýär. 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda ýurtda 24,2 milliard kub metr tebigy gaz çykaryldy. Geçen ýylyň degişli döwründe bu görkeziji 28,9 milliard kub metre deň bolupdy. Şeýlelikde, gaz önümçiligi 16,3 göterim azaldy.

 

Şol döwürde Özbegistanyň tebigy gaz eksporty hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 34,8 göterim azalyp, 322,3 million dollara barabar boldy.

 

Feruza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.