logo

Latest news:
✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦ ✦ Jebisligiň ykrarnamasy ✦ ✦ Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasy parahatçylygyň kepili ✦ ✦ Azyk bolçulygyna goşant ✦ ✦ Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada ✦ ✦ Halkara hukugynyň kadalary ✦
Home / Politics /BMG-niň we sebit guramalarynyň ýokary derejeli çäreleri geçirildi
  30.09.2026
7
BMG-niň we sebit guramalarynyň ýokary derejeli çäreleri geçirildi

Ýurdumyzyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, BMG-niň Medeniýetleriň bileleşigi boýunça Dostlar toparynyň ýokary derejeli mejlisinde türkmen tarapy öňüni alyş diplomatiýasynyň, hemişelik Bitaraplygyň, halkara hukugynyň we medeniýetara gepleşikleriň berk baglanyşyklydygyny aýratyn belledi. Çykyşda ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasy babatda toplan tejribesine hususan-da, Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň netijeli işine aýratyn üns çekildi.

 

Şol gün Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili pandemiýalaryň öňüni almak, olara taýýarlygy üpjün etmek we öz wagtynda degişli çäreleri görmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli mejlisde hem çykyş etdi. Mundan başga-da, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Daşary işler ministrler geňeşiniň resmi däl mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili sebit hyzmatdaşlygyny amaly mazmun bilen baýlaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

 

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Ministrler geňeşiniň resmi däl mejlisinde çykyş edip, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň amaly ugurlaryny beýan etdi. Türkmen tarapy bilelikdäki söwda zolaklaryny döretmegiň, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň, ulag we energetika baglanyşyklaryny ösdürmegiň, söwdany sanlylaşdyrmagyň hem-de durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

 

Duşuşygyň dowamynda syýahatçylyk we medeniýet ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri, şol sanda Mary şäheriniň 2028-nji ýylda YHG-niň Syýahatçylyk paýtagty derejesine hödürlenmegi barada hem bellenildi.

 

Gülzada ANNAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň Bilim we pedagogika

fakultetiniň başlangyç bilim we terbiýe hünäriniň

1-nji ýyl talyby.