logo

Soňky täzelikler:
✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen alabaýy — milli gymmatlygymyz ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Ýaşyl» himiýa düşünjesi
  09.10.2026
242
«Ýaşyl» himiýa düşünjesi

Adamzat tebigatyň hapalanmagynyň öňüni almagyň aladasyny edýär. Daşky gurşawyň hapalanmagy we klimatyň üýtgemegi ýaly ählumumy meseleleri çözmekde bütin dünýäniň raýatlarynyň tagallalary birleşdirmegi zerur. Ylmyň çalt depginler bilen ösmegi himiýa senagatyna bolan islegi artdyrdy. Bu senagat bir tarapdan dermanlary, polimerleri, ýangyçlary we oba hojalyk serişdelerini öndürmek arkaly adamzadyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.

 

Şu nukdaýnazardan «Ýaşyl» himiýa düşünjesi döräp, ol ekologiýa taýdan arassa we durnukly önümçilik ulgamyny döretmegi maksat edinýär. «Ýaşyl» himiýa galyndylaryň emele gelmeginiň öňüni molekulýar derejede alýan täze himiki önümleri we prosesleri taslaýan ylymdyr.

 

Onuň binýady geçen asyryň ahyrlarynda işlenip düzüldi. Bu ýörelgeler häzirki zaman senagat himiýasynyň esasy standartlaryna öwrüldi. Galyndylar emele geleninden soň arassalamakdan ýa-da gaýtadan işlemekden öň, olaryň emele gelmeginiň öňüni almak has netijeli hasaplanýar.

 

Ýaşyl himiýa diňe bir ylmy teoriýa bolman, eýsem, ykdysady taýdan hem örän netijelidir. Bu ugur adamzat bilen tebigatyň arasyndaky deňagramlylygy saklamagyň we durnukly ösüşe ýetmegiň esasy guralydyr. Ol diňe bir ekologiýa meselesini çözmän, eýsem, täze innowasion tehnologiýalaryň we ykdysady mümkinçilikleriň gapysyny açýar.

 

Aýna JORAÝEWA,

Farap etrabynyň 8-nji orta mekdebiniň

himiýa mugallymy.