«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, GDA agza döwletleriň, Türkiýäniň kanun çykaryjy edaralarynyň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylary, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher gurluşygy ministri gatnaşdylar. Bu möhüm ähmiýetli çäredäki çykyşlarda dürli garaýyşlar beýan edildi.
Halkara giňişlikde ählumumy şertlerde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmekde hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde zenanlaryň orny uly ähmiýete eýedir. Parahatçylyk söýüjilige, döredijilige, ýaş nesilleriň geljegi üçin jogapkärçilige daýanýan zenan mümkinçilikleri jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeleri amala aşyrmakda hereketlendiriji güýç bolup hyzmat edýär. Tejribede parahatçylyk döredijilik işine, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, çözgütleri kabul etmäge zenanlaryň gatnaşmagynyň jemgyýetde sazlaşygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi bellenilýär. Milletler Bileleşiginiň Howpsuzlyk geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibi boýunça Kararnamalarynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy durnuklylygy gazanmaga çalyşýan ýurtlaryň milli syýasaty üçin esasy ugur görkezijilik roluny hem ýerine ýetirýär.
Eziz Diýarymyzda gender deňligini üpjün etmek, zenanlary hemmetaraplaýyn goldamak we olaryň kanuny hukuklaryny goramak üns merkezinde saklanyp, ileri tutulýan wezipeleriň birine öwrüldi. Ýurdumyz BMG-niň binýatlaýyn ýörelgelerine ygrarlydygyny aýan etmek bilen, halkara standartlary milli kanunçylygymyza we häkimlik edaralarynyň işine ornaşdyrýar. Erkekleriň we zenanlaryň ähli ulgamlarda deň hukuklaryny kepillendirýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy bu babatda hukuk binýady bolup çykyş edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan gender deňligi boýunça Hereketleriň milli meýilnamalary Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýar.
Gurbangül BAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.