Türkiýede ahalteke atlaryny köpeltmek, tohum aýratynlyklaryny gorap saklamak we olaryň sport mümkinçiliklerinden atçylyk sportunyň dürli ugurlarynda peýdalanmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Türkiýäniň Anadolu Ajansı habarlar agentligi habar berýär.
Agentligiň maglumatlaryna görä, Ankarada ahalteke bedewlerini köpeltmek we türgenleşdirmek bilen meşgullanýan Ahal Teke Atlı Spor Kulübü atly klub hereket edýär. Onuň esaslandyryjysy Şahap Gýursoý ahalteke atlarynyň çydamlylygyny aýratyn belläp, olary halkara ýaryşlaryna, şol sanda uzak aralyga çydamlylyk boýunça geçirilýän bäsleşiklere has giňden çekmegiň mümkinçilikleriniň bardygyny aýdýar.
Klubda ahalteke bedewleriniň konkur we atçylyk sportunyň beýleki görnüşlerindäki ukyplaryna hem üns berilýär. Şahap Gýursoýyň bellemegine görä, Türkmenistandan Türkiýä getirilen Gök atly bedew munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ol päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlara gatnaşýar we çapyksuwar bilen sazlaşykly hereket etmegi bilen tapawutlanýar.
Türkiýäniň türgenleri hem ahalteke bedewleriniň çydamlylygyny, çapyksuwaryň hereketlerine duýgurlygyny we dürli sport ugurlaryna uýgunlaşmak ukybyny ýokary bahalandyrýarlar. Konkur, baş öwretme we atly ýörişler boýunça çykyş eden milli ýygyndynyň türgeni Onur Taşpynar bu tohumyň Türkmenistandan gelip çykýandygyny belläp, onuň çydamlylygy we eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýandygyny nygtaýar.
Ankarada ahalteke bedewlerini gorap saklamak we köpeltmek bilen meşgullanýan hojalykda atlar konkur, çydamlylyk ýaryşlary, atly ýaý atyş we daglyk hem-de tekiz bolmadyk ýerlerde at çapmak ýaly ugurlara taýýarlanylýar.
Feruza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.