logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi
  30.09.2026
170
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

Ýakynda Türkiýe Respublikasynda we Pakistan Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

 

Ankaranyň iň beýik binalarynyň biri bolan Türkiýäniň Söwda-senagat edaralary we biržalary birleşiginiň binasy ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň reňkleri bilen bezeldi. Binaň daş ýüzi baýramçylyk çyralar, milli göller, ýarym aý bilen şöhlelendirildi. Eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramynyň giň gerimde dabaraly bellenilip geçilmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň ýokary derejesini alamatlandyrýar.

 

Şeýle-de Pakistanda 25 — 27-nji sentýabr aralygynda «The Centaurus Mall» söwda merkeziniň we «Mövenpick» myhmanhanasynyň daşky uly ekranynda Türkmenistanyň ösüşlerini beýan edýän wideorolik görkezildi.

 

Nurana NURBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.