logo

Soňky täzelikler:
✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy
  10.10.2026
577
Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy

Google kompaniýasynyň Ýaponiýadaky bölümi Gboard Conveyor Belt Version atly özboluşly klawiaturany köpçülige hödürledi. Enjamyň esasy aýratynlygy adaty klawiaturalardan tapawutlylykda, ulanyjynyň barmaklaryny dürli düwmelere geçirmek zerurlygynyň ýokdugydyr. Harplar ýerleşdirilen hatarlar konweýer lentasy ýaly hereket edip, zerur düwmeleri ulanyjynyň barmaklarynyň öňüne getirýär.

 

Klawiatura dört sany üznüksiz lentadan ybarat bolup, olaryň her birinde 29 düwme ýerleşýär. Enjam çeýe çap edilen elektron platalaryň we aýlanýan barabanlaryň kömegi bilen işleýär.

 

Klawiaturany ulanmak üçin barmaklary belli bir ýagdaýda saklamak we zerur harp hereket edýän hataryň üstünden geçende düwmä basmak ýeterlikdir. Enjamyň döredijileriniň bellemegine görä, bu usul tekst ýazýan wagty elleriň hereketini azaltmaga we uzak wagtlap işlemegiň netijesinde ýüze çykýan ýadawlygy peseltmäge gönükdirilendir.

 

Täze klawiatura adaty giriş enjamlarynyň gurluşyna başgaça çemeleşmäni hödürläp, kompýuter bilen işlemegiň has amatly usullaryny gözlemegiň mysaly bolup durýar. 

 

Geldimyrat ÇÄRŞEMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.