logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi
  30.09.2026
132
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi

Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi. 2015-nji ýylda bu dereje ýene-de tassyklandy. Bu ykrar etmeler halkara amalyýetinde deňi-taýy bolmadyk waka bolup, Bitaraplygyň Türkmenistana diňe berlen bir derejе bolman, eýsem, ýurduň daşary syýasatyny alyp barýan esasy ýörelgä öwrülendigini görkezýär.

 

Türkmenistan halkara hyzmatdaşlarynyň giň toplumy bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barýar. Suw serişdeleriniň dolandyrylyşy hem şonuň ýaly ähmiýete eýe. Şu ugurlaryň hatarynda ulag baglanyşygyny bellemek gerek. Munuň sebäbi biziň Ýewropa bilen Aziýa bazarlarynyň arasyndaky tebigy geçelge hökmündäki ornumyzdyr. Şeýle hem BMG-däki köptaraply işimizi bellesek ýerlikli bolar.

 

Milletler Bileleşiginde Türkmenistan ulag, energetika howpsuzlygy we halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy barada ylalaşyk esasynda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Biziň daşary syýasatymyz gadymdan gelýän ýörelgelerimiz esasynda hereket edýär. Bitaraplyk bolsa daşary syýasat ugrumyzda möhüm ähmiýete eýedir.

 

Bikejemal ANNANUROWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.