logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyz COP31-iň Liderler sammitine gatnaşdy ✦ ✦ COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat ✦ ✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦ ✦ COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezi Aşgabatda ýerleşer ✦ ✦ Antalýada dünýäniň ünsüni özüne çeken COP31 maslahaty öz işine başlady ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň esasy maksady ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ýagşylyga çagyrýan eser
  02.10.2026
307
Ýagşylyga çagyrýan eser

«Hibatul al-Hakaýyk» (türki dillerde «Atabetü'l-Hakayık») — XII asyrda ýaşap geçen meşhur türki şahyr we alym Ahmet ibn Mahmyt Ýugneki tarapyndan ýazylan filosofiki poemadyr. Bu eser Garahanlylar döwri bolan XI–XII asyrlaryň we ondan soňky döwrüň iň gymmatly edebi ýadygärlikleriniň hatarynda durýar.

 

Eseriň esasy aýratynlyklary we tematikasy bütinleý nesihat we ahlak temalaryna bagyşlananlygyndadyr. Onda ylym-bilimiň peýdasy we nadanlygyň zyýany, sahylyk we gysgançlyk, pespällik we tekepbirlik, wagt we yslam ahlagynyň özenini düzýän gymmatlyklar dogrusynda gürrüň edilýär.

 

Gurluşy taýdan şygyrlar Gündogar türki dilinde ýazylandyr. Eser aruz ölçeginde bolup, ol takmynan 256 beýtden ybaratdyr. Kitap biziň günlerimize çenli esasan üç sany doly nusgada gelip ýetdi. Olaryň biri uýgur haty bilen, beýlekileri bolsa arap elipbiýinde göçürilendir. Häzirki wagtda eseriň esasy nusgalary Stambulda we Berlinde saklanýar.

 

Bu eser «Kutadgu bilig» bilen bir hatarda, bütin türki halklaryň, şol sanda türkmen, özbek, gazak we gyrgyz edebiýatynda hem-de dil biliminde giňden tanalýar. Eserde yslamdan öňki halk pähimleri bilen Gurhan we hadyslara esaslanýan ahlak kadalary utgaşdyrylyp berilýär.

 

Poema yslam edebine, ahlak gözelligine, ylym-bilimiň peýdasyna, jomartlyga we pespällige bagyşlanan öwüt-nesihatlardan ybaratdyr. Şahyr durnukly ýaşaýşyň esasy hökmünde ylmy öňe sürýär we nadanlygy ýazgarýar.

 

«Hibatul al-Hakaýyk» eseri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan düýpli öwrenilýär hem-de metbugat sahypalarynda makalalaryň üsti bilen neşir edilýär. Olarda edebi ýadygärligiň öwrenilişi gozgaýan meselesi, ýaş nesli ylymly, bilimli edip ýetişdirmekdäki ähmiýeti dogrusynda dürlüçe garaýyşlar beýan edilýär. Alymlarymyz tarapyndan «Hibatul al-Hakaýyk» eseri irki döwür türki edebiýatynyň nusgasy hökmünde öwrenilmegi dowam etdirilýär.

 

Taýýarlanlar Aýbölek GOÇYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy,

Ylýas ÖWEZOW, Magtymguly adyndaky

TDU-nyň talyby.