Ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly bellendi. Bu hünär baýramy mynasybetli birnäçe çäreler guralyp, onuň dowamynda adam saglygyny goramakda saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň ornunyň uludygy nygtaldy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de Halkara Pediatriýa merkeziniň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi bu hünär baýramyna aýratyn ýaraşyk berdi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, gysga döwrüň içinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap saglyk ugurly merkezler, hassahanalar, şypahanalar, dermanlary öndürýän kärhanalar gurulýar, saglygy goraýyş edaralarynyň mümkinçilikleri yzygiderli giňeldilýär, innowasion çemeleşmeler we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilýär. Galyberse-de, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVIII jiltiniň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek.
Täze kitap ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynda ýurduň we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Dabarada çykyş edenleriň belleýşi ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler baradaky bu ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna ýetirildi. Bu möhüm ähmiýetli kitap ylmy ýörelgeleri ugur edinip, dermanlyk ösümlikleriň atlaryndan ybarat sözlügi, dermanlyk içgileri taýýarlamagyň, olary ýygnamagyň usullary, şeýle hem saklamagyň möhletleri baradaky maglumatlary öz içine alýar.
Nurjemal HANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.