logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Culture /Magtymguly Pyragy — dünýä şygryýetiniň şamçyragy
  12.06.2025
1108
Magtymguly Pyragy — dünýä şygryýetiniň şamçyragy

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy öçmez ruhy we ahlak gymmatlyklary bilen adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde durýar. Onuň mirasy diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem ähli türki dilli halklaryň edebiýatynda uly orna eýe bolup, adamzat ylmy we medeni mirasynyň möhüm bölegine öwrüldi. Magtymgulynyň şygyrlarynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansoýüjilik, agzybirlik we jebislik ideallary asyrlar boýy dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlary we şahyrlary üçin nusgalyk ýörelge bolup gelýär.

 

Magtymgulynyň şahyrana mirasy XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda döredilen eserleriň mysaly hökmünde saklanyp galan gymmatly golýazmalardan ybaratdyr. Bu eserler diňe türkmen halkynyň däl, eýsem Merkezi Aziýa, Ýewropa we beýleki regionlaryň edebiýatlarynda hem möhüm orny tutýar. Onuň goşgulary ynsanperwerligiň, watançylygyň we jebisligiň nyşany bolup, dürli ýurtlaryň alymlary we edebiýatçylary üçin esas bolup durýar. Magtymgulynyň goşgulary onuň ýakynlaryndan, obadaşlaryndan, alymlardan we halk aýdymçylary bolan bagşylardan ýygnalan 80-den gowrak diwandan ybaratdyr. Şeýle hem onuň golýazma eserleriniň nusgalary Daşkendiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Budapeştiň we Stambulyň kitaphanalarynda saklanýar we olaryň käbiri XVIII asyra degişli.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň netijesinde, Türkmenistanyň daşary syýasatynda we medeni diplomatiýasynda Magtymguly Pyragynyň baý mirasyny goramak, öwrenmek we dünýäde wagyz etmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurtumyzyň taryhy mirasyny goramak boýunça ýygnanan baý tejribä esaslanyp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk işlerini giňeltmekde uly üstünlikler gazanylýar.

 

Ylym bolsa döwletiň ösüşiniň esasy binýadydyr. Arkadagly Serdarymyzyň «Ýaşlary ylymly bolan döwletiň sütünleri berkarar, güýji mizemezdir» diýen beýik sözlerinden ruhlanan ýaşlarymyz, ýurdumyzda ylmyň şamçyragy bolup, täze taryhy döwrüň nurana ýoluny dowam etdirýärler. «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen ýörelge astynda Watanymyz ylmy-bilim merkezine öwrüldi. Ýaş nesillere bilim we terbiýe bermek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ylym-bilimden başlanýan ýol, adamzat ruhuny baýlaşdyrýar, ösüşiň we bagtyýarlygyň esasyny düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylmy binýady pugtalanýar, degişli kanunlar we maksatnamalar kabul edilýär, bu hem ýurdumyzyň ylmy mümkinçilikleriniň artmagyna kuwwat berýär.

 

Oguljahan OMIRKULIÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Roman-german dilleri we edebiýaty olary okatmagyň
usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.