Berkarar döwletimizde dörediji we gurujy merdana halkymyzyň baý taryhyny öwrenmek we ýokary ahlak düşünjeli, bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli kemala getirmek üçin giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy möhüm ädimdir we buýsandyryjy wakadyr.
Turuwbaşdan bu resminamanyň bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen kabul edilendigini nygtamalydyrys. Ol 8 bapdan ybaratdyr.
Täze Konsepsiýa laýyklykda, onuň maksady Türkmenistanyň bähbitlerini goramaga taýýar, çuňňur bilimli, döredijilikli pikirlenip bilýän, watansöýüji, zähmetsöýer, ahlak taýdan arassa, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil şahsyýetleri kemala getirmekden we ösdürmekden; okatmagyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan we has-da kämilleşdirmekden; berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakdan, ýokary hünärli pedagogik işgärleri magistraturalarda, aspiranturalarda hem-de doktoranturalarda taýýarlamagyň gerimini giňeltmekden, hilini ýokarlandyrmakdan; okuw-terbiýeçilik işlerinde sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň gerimini giňeltmekden we depginini çaltlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, bu resminamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmäge, okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmäge, bu ugurda okatmagyň innowasion usullaryny okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrmaga, pedagogik işgärleriň hünär we döredijilik başarnyklaryny hem-de mugallymçylyk ussatlygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Biz ― bilim işgärleri aýdyň maksatlar, anyk wezipeler bilen ýaş nesillerimize terbiýe bermekde, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda öňümizde duran wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelmek ugrunda turuwbaşdan zähmet işjeňligini hemramyz edinýäris. Milli bilim ulgamynyň usulyýet goruny baýlaşdyrmaga uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Orunaý EREŞOWA,
Çärjew etrabynyň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
39-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.