Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragy: dünýä edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Statistika ulgamyndaky täze sepgitler ✦ ✦ Babadaýhan etrabynda ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat geçirildi ✦ ✦ “Iň eýjejik gyzjagaz – 2025” atly bäsleşik yglan edildi! ✦ ✦ Sanly ulgam we ýaşlar ✦ ✦ “Talyp Gözeli – 2025” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi! ✦ ✦ Döwlet gümrük gullugynda Gözegçilik-seljeriş merkezi işe girizildi ✦ ✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda Göwheri» kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
  05.12.2024
434
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda Göwheri» kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

2024-nji ýylyň 4-nji dekabrynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toparlarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň başynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Hakyda göwheri – paýhas serweri» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly dabaralara beslenýän günlerinde, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda halkymyza gowuşmagynyň uly baýramçylyk sowgady bolandygyny nygtadylar.
Çykyşlarda, Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda Änew medeniýeti, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan Nusaý galasy, Parfiýa döwleti, Beýik Seljuklar döwleti, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Horezmşalar döwleti barada hem-de türkmen edebiýatynyň dünýä edebiýaty bilen aýrylmaz baglanyşykda ösendigini görkezýän «Oguznama» eserleri, oguz ýörelgeleri, oguz däpleri barada gyzykly maglumatlaryň beýan edilýändigi barada aýdyldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen «Alkyş Size, şöhrat Size Gahryman Arkadagymyz! Alkyş Size, Gahryman Serdarymyz!» aýdymy dabara özboluşly öwüşgin berdi.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyza «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eseri peşgeş berendigi üçin tüýs ýürekden sagbolsunlaryny aýtdylar. Berkarar döwletimizde parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen syýasaty alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.

Çeşme: Education.gov.tm

 

Sanjar GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň talyby.